Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ilkinji AES-si elektrik toguny berip başlady


Eýranyň ilkinji atom elektrik stansiýasy döwlet energosistemasyna elektrik toguny berip başlady. Buşer AES-si şenbe gijesi milli sete çatyldy.

“AES-siň işe giriziliş dabarasy 12-nji sentýabra bellendi. Şol güne çenli stansiýa proýekt kuwwatynyň 40%-de işlär” diýip, Eýranyň atom energiýasy boýunça edarasynyň wekili aýtdy.

Bu stansiýanyň gurluşygy 1970-nji ýyllarda, yslam rewolýusiýasyndan öň Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda başlanypdy. Ondan soň gurluşyk sowet we ors inženerleri bilen bilelikde dowam etdirildi. Ony gurup tabşyrmagyň möhleti ençeme gezek yza çekdirilipdi.

Eýran ýadro programmasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin işläp düzýändigini öňe sürýär. Emma Halkara atom energiýasy gullugy ýakynda Eýranyň ýadro ýaragyny gizlin işläp taýýarlaýandygy barada alan razwedka maglumatlary bilen bagly barha artýan alada bildirýär.
XS
SM
MD
LG