Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiçiler Milli geçiş geňeşiniň tekliplerini ret edýär


Liwiýanyň gozgalaňçylar goşunynyň serkerdesi Muhammed al-Fass häkimiýetden agdarylan liwiýa lideriniň tarapdarlarynyň daýanç nokady bolan Bani-Walid şäherini tabşyrmak baradaky gepleşikleriň hiç hili netije bermändigini, gozgalaňçy güýçleriň ýekşenbe güni hüjüme başlajakdygyny aýtdy.

Bani-Walid şäherinde bir million töweregi adam ýaşaýar, olar warfalla taýpasyna degişli. Birnäçe müň gozgalaňçy şäheriň daşyny gabady.

Kaddafiniň wekili Musa Ibragim şeýle diýdi “Bani-Walid şäheriniň uly şäherdigini, bu ýerde Liwiýadaky iň uly tireleriň biriniň ýaşaýandygyny, olaryň Kaddafini goldaýandygyny göz öňünde tutuň. Olar Milli geçiş geňeşiniň ähli tekliplerini ret etdiler. Geňeşiň edýän çagyryşlaryna bu ýerde gulak gabardýan ýok”.

"Roýter" agentliginiň “Kaddafi Bani-Walidde bolup bilermi?” - diýen soragyna Kaddafiniň wekili: “Kaddafiniň häzir niredededigini özüm-ä bilemok, ýöne onuň ýurtdadygyna ynanýaryn. Bu hakykat. Ol özüni goramaga taýýar adamlar bilen howpsuz ýerde bolýar”– diýip, jogap berdi.

Kaddafiniň dogduk şäheri Sirtäniň we agdarylan lideriň tarapdarlarynyň kontrollygynda bolan Sebha şäherindäki harby bazanyň daşyny gozgalaňçylaryň gabandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG