Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Arap Ligasynyň baş sekretary Siriýa barmakçy


Arap Ligasynyň baş sekretary Nabil al-Arabi özüniň Siriýa gitmeginiň mümkindigi aýtdy. Ol ýurtda dowam edýän zorluk aktlary sebäpli öz aladasyny Siriýanyň ýolbaşçylaryna ýetirmekçi.

Şenbe güni Kairde bolan metbugat konferensiýasynda Nabil al-Arabi Siriýanyň häkimiýetleriniň nukdaýnazaryny hem bilmek isleýändigini aýtdy.

28-nji awgustda arap döwletleriniň daşary işler ministrleri reformalary geçirmegiň we gandöküşikligi bes etmegiň zerurdygyna Damasky ynandyrmak üçin Liganyň baş sekretarynyň Siriýa gitmegi barasynda çykyş edipdiler.

Şenbe güni Siriýanyň köpçülikleýin habar serişdeleri näbelli ýaragly toparyň hüjümi netijesinde ýurduň merkezi böleginde 6 esgeriň we üç graždan adamyň öldürilendigini habar berdi.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýada alty aý bäri dowam edýän çyknyşyklarda azyndan 2,200 adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG