Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri duşuşdy


3-nji awgustda Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Dmitriý Medwedewiň duşuşandygyny türkmen mediasy habar berdi.

Duşuşykda Medwedew Berdimuhamedowa onuň Moskwa etjek saparynyň jikme-jigini, şeýle-de ikitaraplaýyn ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmagy teklip etdi diýip, RIA Nowosti habar berdi.

Saparyň senesi we möhleti agzalmady.

Berdimuhamedow Orsýeti “strategiki partnýor” diýip atlandyrdy we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüş depginine ýokary baha berdi.

Türkmen prezidentiniň sözlerine görä, ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygy 2 milliard dollardan geçipdir.
XS
SM
MD
LG