Sepleriň elýeterliligi

Bize – sylag, olara – gysyş


Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň öňki ýolbaşçysy Tynçtykbek Çorotegin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda, Praga.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň öňki ýolbaşçysy Tynçtykbek Çorotegin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda, Praga.

Gyrgyzystan respublikasy öz Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny baýram etdi. Baýramyň öňüsyrasynda ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewa ençeme adamy döwlet sylaglary bilen sylaglady. Olaryň arasynda Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri, şol sanda Gyrgyz redaksiýasynyň öňki ýolbaşçysy Tynçtykbek Çorotegin milletara ylalaşyklary berkitmekde, respublikanyň sosial-ykdysady hem medeni-ruhy derejesini ösdürmekde goşan uly goşandy üçin, “Şöhrat” medalyna mynasyp boldy.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň öňki ýolbaşçysy Tynçtykbek Çorotegin bilen žurnalistika we žurnalistleriň hyzmaty barada gürrüňdeş boldy.

Hudaýberdi Hally: Tynçtykbek, özüňize berlen bu döwlet sylagyna nähili garaýaňyz?

Tynçtykbek Çorotegin: Bu meniň üçin örän uly hormat. Özümiň bu kiçi hyzmatyma olar şeýle ýokary baha berler diýip garaşmandym. Iň esasy zat bolsa men bu sylagy ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewanyň elinden alýaryn. Ol ýurtda rewolýusiýanyň geçirilmegi üçin örän köp iş etdi. Öňki awtoritar prezidentiň alyp baran syýasatyndan soň, ýurduň ýaňadan demokratiýa tarap dolanmagyna ýol açdy. Şonuň üçin onuň elinden sylag almak maňa goşa şatlyk. Meniň pikirimçe, olar diňe bir adamyň hyzmatyny däl, meniň ýurdumda garaşsyzlyk ugrunda göreşenleriň birnäçesini, demokratiki gurluş ugrunda göreşenleri sylagladyrlar.

Hudaýberdi Hally: Häzirki wagtda Gyrgyzystanda žurnalistleriň erkin işlemegi üçin nähili şertler döredildi?

Tynçtykbek Çorotegin: Konstitusiýa boýunça, elbetde, senzura ýok. Söz azatlygy kepillendirilýär. Ýöne şeýle kanunlar beýleki döwletlerde-de, meselem, ýowuz awtoritar ýurduň Konstitusiýasynda-da bolup biler. Hakykat ýüzünde bolsa ol döwletlerde senzura – berk çäklendirme höküm sürýär. Sebäbi bizde-de 2005-nji ýylyň Mart rewolýusiýasyna çenli şeýle bolupdy. Ikinji gezek 2010-njy ýylyň Aprel rewolýusiýasyndan öňinçä hem şeýle boldy. Konstitusiýada ýazylandygyna seretmezden, iş ýüzünde söz azatlygy 2-nji rewolýusiýadan soň mümkin boldy.

Men soňky ýylda söz azatlygy üçin haýsydyr bir žurnalistiň resmiler tarapyndan ýanalanyny göremok. Munuň özi ol ýerde milletiň aň-düşünjesi ugrunda göreş barýandygyny aňladýar. Bu Gyrgyzystanda söz azatlygy ugrunda göreş bolandygyny görkezýär.

Hudaýberdi Hally: Tynçtyk, sen Gyrgyzystanyň 1-nji hem 2-nji rewolýusiýalaryny ýatladyň. Aslynda ýurtda söz we metbugat erkinligi haçandan başlanypdy?

Tynçtykbek Çorotegin: Hawa, eger-de milletiň ykbalyndaky esasy öwrülişikler barada aýtsak, 90-njy ýylyň oktýabrynda bizde parahatçylykly öwrülişik bolup geçipdi. Gyrgyzystanyň öňki kommunist lideriniň ornuna demokratik toparlardan bolan, akademik Askar Akaýew saýlanypdy. Şonuň üçin 90-njy ýyllaryň başyndan Gyrgyzystanda söz azatlygy ýol alyp başlady. Bir mysal, Moskwada bolan döwlet agdarylyşy wagtynda, GKÇP-niň wekilleri SSSR-e öňki çäkli kommunistik düzgüni girizmekçi bolup çagyryş edenlerinde, Gyrgyzystanyň döwlet telewideniýesi hem radiosy olaryň çykyşlary bilen birlikde, demokratik pikirleri, şol sanda Boris Ýelsiniň çykyşlaryny beripdi. Garaşsyzlygyň başky ýyllary Gyrgyzystanda erkin metbugat üçin köp şert döredildi. Ençeme gazetler Askar Akaýewi açyk tankytlap bildiler. Ýöne 94-nji ýyldan başlap, prezident Akaýewiň alyp barýan ýoly kem-kemden awtoritarizme tarap üýtgedi.

A. Akaýew ýurtda halkara tele-radio gepleşikleriniň açylmagyny goldady. 1992-nji ýyldan başlap, Azatlyk Radiosy we BBC habar gullugy Gyrgyzystanyň resmi kanallary arkaly berlip başlandy. A. Akaýew ýa-da başga resmiler bu işe hiç mahal päsgel bermändiler. Gyrgyzystan Merkezi Aziýada Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini açyk hem päsgelsiz berip gelen ýeke-täk ýurt boldy.

Hudaýberdi Hally: Tynçtyk, biz ýene Döwlet sylaglary meselesine dolansak, käbir döwletlerde resmiler žurnalistleri öz garşydaşy, ýagny tankytçysy saýýarlar. Eýsem Gyrgyzystanda žurnalistler hökümet resmilerini tankytlamaýarmy?

Tynçtykbek Çorotegin: Onda-da gaty ýiti tankytlaýarlar. Olaryň dürli syýasatçylara garşy mydama tankydy ugry ýöredip gelendigini men aýdyp bilerin. Ol tankyt şu günki günde-de dowam edýär. Munuň özi bolsa, meniň pikirimçe, syýasatçylara-da peýdaly, jemgyýete-de. Syýasatçylar mydama hüşgärligi elden bermeýärler, oýlanyşyksyz hereketden çekinýärler. Onsoňam bizde dürli metbugat bar. Aýdaly bir gazet syýasatçynyň alyp barýan ýoluny goldaýar, beýleki gazet hut şol ugry tankytlaýar. Şonuň üçinem munuň özi kabul ederlikli ýagdaýa öwrüldi. Bu, meniň pikirimçe, örän gowy.

Hudaýberdi Hally: Sylaglananlaryň arasynda Azatlyk Radiosyndan dört žurnalistiň bolmagy guwandyryjy fakt bolsa gerek.

Tynçtykbek Çorotegin: Gyrgyzystanyň häzirki prezidenti garaşsyz žurnalisler üçin mydama açyk bolupdy. Rewolýusiýadan öň oppozisiýadaky deputat wagtynda-da şeýledi. Ol žurnalistleri dürli ugurdan goldap geldi. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanyda , birnäçe žurnalisti sylaglady. Şol sanda Balbaý Alaguşewe hem hormatly at berildi. Balbaý Alaguşew Gyrgyzystanyň saz medeniýetininiň taryhyny beýan edýän örän belli žurnalist. Ol indi Gyrgyzystanyň halk artisti boldy.

Hudaýberdi Hally: Şu ýerde meniňem bir zady goşasym gelýär, ol diňe bir gyrgyz saz sungatynyň uly howandary bolman, türkmen saz sungatynyň hem iň ýakyn dostlarynyň biri saýylýar.

Tynçtykbek Çorotegin: Sag boluň. Siziň bu pikiriňizi öz gezegimde menem goldaýan. Ol türkmen sazynyň ündewçisi hökmünde gyrgyz metbugatynda köp çykyş etdi. Ýene bir aýratynlyk, baryp 30-njy ýyllarda gazak hem gyrgyz saz sungatyny öwrenji Aleksandr Wiktorowiz Zataýewiçe Gyrgyzystanyň halk artisti diýen at berlipdi. Ine, indem gyrgyz intelligensiýasynyň haýyşy bilen şeýle at saz sungatyny öwreniji Balbaý Alaguşewe berildi. Gyrgyz temalaryna baglanyp galan žurnalistlerden tapawutlylykda, ol goňşy halklaryň sazyna-da köp üns berdi.

Hudaýberdi Hally: Tynçtyk, sözümiziň ahyrynda žurnalistiň borjy hem onuň hyzmatyna goýulýan hormat barada nämeler aýdyp bilersiň?

Tynçtykbek Çorotegin: Meniň žurnalistleriň jemgyýetçilik işleri, hyzmaty hem olaryň ýaşaýan şertleri barada käbir deňeşdirme zatlary aýdasym gelýär. Gyrgyzystanyň garaşsyz žurnalistleri bilen Merkezi Aziýanyň žurnalistleriniň iş şertlerinde düýpli tapawut bar. Bir tarapdan, gyrgyzystanly žurnalistler söz azatlygy ugrunda göreşdiler hem ony gazandylar. Indi onuň miwesini görýärler, orden-medala mynasyp bolýarlar. Bu örän guwandyryjy fakt.

Beýleki tarapdan, biziň doganlyk goňşularymyz bolan Türkmenistanda hem Özbegistanda ýagdaý agyr. Olara işlemek kyn, hatda erkin žurnaliste ýaşamak mümkin däl. Olary bir kiçijik tankyt üçin türmä basýarlar ýa-da ýerli metbugatda işlemekden mahrum edýärler. Biz bolsa açyk ýurtda işläp, döwlet sylagyny alýarys. Şonuň üçin Gyrgyzystanyň žurnalistleri olara mydama raýdaşlyk bildirýär. Olar özleriniň hem ildeşleriniň hukuklary ugrunda göreşijilerdir. Häzir olaryň hyzmaty orden-medal bilen däl, awtoritar hökümetiň gysyşy bilen bellenýär. Biz söz we metbugat azatlygynyň gerekdigine ol ýurtlaryň öz içinde göz ýetirerler diýip, umyt edýäris. Şeýle reformalary amala aşyrmak ugrunda hereket etmek ýerli žurnalistiň borjy hem abraýydyr diýip, pikir edýärin. Şu günler olar üçin iň agyr döwür. Wagt geler, olar hem öz halkyna aýtjak-diýjek zatlaryny arkaýyn ýazmaga hem çap etmäge mümkinçilik alarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG