Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerde pul ýygnalyp başlandy


Aşgabat şäherindäki orta mekdepde, 1-nji sentýabr.
Aşgabat şäherindäki orta mekdepde, 1-nji sentýabr.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, mekdep ýaşly okuwçy çagasy bolan ene-atalaryň aladalary ýene-de artyp başlady.


Aşgabadyň “Parahat” kiçi etrapçasynda ýerleşýän 60-njy orta mekdepde gyzy okaýan Suraý daýza entäk okuw başlanmanka ene-atalaryň mekdebe çagyrylyp, olara mekdebiň zeruryýeti üçin pul getirmelidiginiň aýdylandygyny gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, her bir ene-ata 30 manatdan pul bermeli. Bu puluň häzirlikçe klas otagynyň penjirelerine žalýuz dakmak üçin gerekdigini klas ýolbaşçysy aýdypdyr.

Her okuw ýyly gutarmaga golaýlanda mekdebiň bejeriş-abatlaýyş işleri üçin 10 manatdan pul ýygnalýar. Ene-atalar düşewüntliräk işde işleýän bolsalar, olar öz meýline bu möçberdäki puly artykmajy bilen hem berip bilýärler. Emma özüni zordan oňarýan maşgalalar agdyklyk edýär. Olar üçin pul bermek ýeňil düşmeýär.

Halys ýagdaýy ýoklara zorluk bilen pul getir diýilmeýär. Emma soralan puly getirip bilmedik çagalar, öz deň-duşlarynyň ýanynda özlerini oňaýsyz duýýarlar.

Mekdebiň koridorynda, klaslarda stendleri bezemek üçin, klaslara elektrik lampoçkasyny satyn almak üçin, bezeg üçin küýzejiklerde oturdylan gülleri, plastmas gülleri, döwlet baştutanynyň portretini satyn almak üçin, yzy üzülmeýän pul getirmeler ýyl boýy dowam edýär.

Suraý daýza diňe tomusky dynç alyş döwri ene-atalaryň pul getirmekden dynç alýandyklaryny aýdýar:

— Okuw başlanandan soň, her gün ýene nämä pul getir diýiljegine garaşýarsyň. Garaşsyzlyk ýyllary mekdeplerde, çagalar baglarynda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmegi döwlet öz üstünden aýrana meňzeýär. Eger-de metbugat azatlygy bolanda, ene-atalar öz pikir-garaýşy bilen metbugatda çykyş etseler, munuň aňyrsyna göz ýetirse bolardy. Häzirki ýapyklyk syýasatynda, hakykatdan hem döwlet öz borjuny ene-atalaryň boýnuna atdymy, ýa bolmasa bu ýerde korrupsiýa hereket ediýärmi, belli däl. Biziň döwletimiz beýle bir garyp döwlet däl ahyryn.

Ýurtda döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berlendigi barada ilat köpçüligi häli-şindi maglumat alýar. Ýakynda Türkmenistanda dünýä standartlaryna laýyk gurlan 10-dan gowrak täze mekdep açyldy diýip, resmi metbugat habar berdi. Olar Ahal welaýatynyň Garagul, Herrikgala we Ýasmansalyk obalarynda, Daşoguz welaýatynyň Akdepe, Boldumsaz, Türkmenbaşy, we Nyýazow etraplarynda ulanylyşa berildi. Lebap, Balkan we Mary welaýatlarynda hem täze mekdep binalary açyldy.

Suraý daýza döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, täze mekdepleriň birnäçesiniň geçen ýyllar hem gurlup ulanylmaga berlendigini aýdyp, öňden bäri bar bolan mekdepleriň ýagdaýyna ünsi çekýär:

— Döwlet gaznasyndan millionlarça serişde sarp edilip, şular ýaly mekdepler, çagalar baglary gurlup duran halaty, bar bolan mekdepleriň bejeriş-abatlaýyş işleri üçin, ýa bolmasa mekdebiň ownuk-uşak zeruryýeti üçin döwletde serişde ýokdugyna ynanasym gelenok. Bu ýerde açyk-aýdyňlyk gerek. Şol açyk-aýdyňlyk döredilse, döwletiň abraýy üçin hem oňat bolardy. Ene-atalar hem artykmaç çykdajylardan dynardylar.

Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl mekdebe ilkinji gezek gadam basýan 100 müň çemesi okuwçynyň hersine täze netbuk kompýuteri berildi. Olar üçin döwlet býujetinden 26 million dollar möçberinde pul goýberildi.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG