Sepleriň elýeterliligi

Ogul öýermek, gyz çykarmak


Ýazgulyýew: "Öňler ähli gelinler kürtäni toýdan soň kyrk gün atynan bolsalar, häzir iň baý hojalyklaryň gelinlerem kürtäni 15 günden köp atynmaýarlar".

Ýazgulyýew: "Öňler ähli gelinler kürtäni toýdan soň kyrk gün atynan bolsalar, häzir iň baý hojalyklaryň gelinlerem kürtäni 15 günden köp atynmaýarlar".

26-njy awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalaryň durmuş toýy, ondan öňki we soňky däp-dessurlar hakynda giňişleýin gürrüň etdi. Ýöne döwlet baştutanynyň ol aýdanlary 30-40 ýyl mundan öňki tutulan durmuş toýlarynyň däp-dessurlarynyň käbir aýratynlygyny öz içine alýar. Islendik bir döwürde halkyň sosial ýagdaýy bilen bagly milli däp-dessurlaram özgerýär.

Garaşsyzlyk zamanamyzda ýaş çatynjalaryň tutýan durmuş toýlarynda berjaý edilýän däp-dessurlarda ýewropa medeniýetine ýakynlaşmak gitdigiçe artýar. Mysal üçin öňler türkmenler täze gelni toýdan gaýyn öýünde 40 günläp saklap, 40 günden soň atasy öýüne gaýtaran bolsalar, indi ony 20-25 günden, uzak saklanlarynda bir aýdan atasy öýüne gaýtaryp, 10 güne ýetirmän yzyna gaýtaryp alýarlar. Öňler gelin atasy öýünde gaýtarma bolup bir aý, käteler alty aýa çenli hem gezer eken. Sebäbi gelniň gaýtarma döwründe oglan tarap gelne berilmeli galyňyň üzülip bilinmän galan bölegini bermeli eken, gelin bolsa atasy öýünde özüni çörege çagyryp, sowgat eden hojalyklara, gaýyn atasyna, öýlenen ýigidiň agalaryna, gaýyn enesine, baldyzlaryna, gaýyn ekejilerine eden sowgatlaryna görä, sowgatlyk etmek bilen başagaý bolýar eken. Häzir bolsa gelinler gaýdyp gelenlerinde çörege çagyryp sowgat eden adamyň ýa garyndaşlarynyň özüne eden sowgadyny sowgat hökmünde yzyna getirýär.

Häzir ogul öýerilende gyz tarapynda algy-bergi asla soňa goýulmar. Eger-de öň gyz galyňyndan ene-atasy belli bir maddy peýda gören bolsa, häzir gyz çykarýan hojalyklaryňam bergä batýan halatlary seýrek bolanok. Öňler gyz çykaranlarynda gyz çykýan öýüň erkekleri gaçyp, nirädir bir ýerik giden bolsalar, häzir gyz çykarmak toýy hem edil ogul öýeren ýaly dabaraly, aýdym-sazly tutulýar. Şu babatda gyz-oglanlaryň türkmen maşgala edebinde hukugynyň deňlenendigini guwanç bilen belläp bileris.

Eger öň gyzlar kyrk günlük gelin döwründe häzirkiler bilen deňeşdireniňde örän ýönekeý gelin kürtesini atynyp gezen bolsalar, häzir durmuşa çykýan gyzlar örän agyr keşdeli kürtäni esasan, gelinliginiň başky bir hepdesinde atynýarlar. Sebäbi olar kürtäni öňki döwürlerde özleri tikerdiler, indi bolsa her gününe töleg töläp, kireýine alýarlar. Häzir gelin kürtesiniň orta derejedäkisiniň hepdelik bahasy 100 amerikan dollaryndan arzan däl.

Kyrk gün gelin saklananok

Öňler ähli gelinler kürtäni toýdan soň kyrk gün atynan bolsalar, häzir iň baý hojalyklaryň gelinlerem kürtäni 15 günden köp atynmaýarlar. 15 gün üçin kürte tölegi 200 amerikan dollaryndan hem ýokary bolýar. Aşa baý hojalyklar gelin kürtesini prokata berýän adamlara 500-600 amerikan dollaryny töläp, 15 günüň dowamynda her günde bir kürte atdyrýarlar. Nähili bolanda hem kyrk gün gelin saklananogam, olar şonça günläp kürte-de atynanok.

Häzir gelniň toý gününde fata geýip orta çykmagy hem däbe öwrüldi. Ýewropa fatalarynyň dürli görnüşini durmuşa çykýan gyzlar bäsleşip geýýärler diýsem, öte geçdigim bolmasa gerek. Gyzlar durmuş toýunda geýýän fatasyny-da iki günlük, azyndan 100 amerikan dollaryny töläp, kireýine alýarlar. Eger-de öň durmuşa çykýan gyzlar iki guda tarapyň — ene-atalaryň ylalaşygyna görä, gyzyl-kümüş şaý-sepleri mümkinçiliklerine laýyklykda dakynan bolsalar, häzir olaryň has köp gyzyl şaý-sepli görünmek üçin amanat ýa-da kireýine hem gyzyl-kümüş şaý-sepleri dakynýan halatlaram az däl.

Umuman alanyňda, türkmende ogul öýermek, gyz çykarmagam ilatyň sosial ýagdaýyna laýyklykda gitdigiçe özgerýär. Ýöne halkyň islendik däp-dessury hakynda söhbet ediljek bolsa, şol ugurdan ýokary derejedäki sowatly adamlar gürrüň etseler, gowy bolardy. Sebäbi ýurt ýolbaşçysynyň döwlet işine dahyly bolmadyk medeni, edebi, däp-dessurlar hakynda söhbetleri etmegi şol ugurlaryň syýasatlaşýandygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa syýasata dahyly bolmadyk medeniýet-sungat ugurlarynda hem hakykaty ýoýýar.

Mysal üçin, prezident ýaş çatynjalaryň durmuş toýlary hakynda gürrüň edenden soň, türkmende ogul öýermegiň-gyz çykarmagyň iň uşak däp-dessurlary hakynda türkmen mediasy giňişleýin gepleşik berip başlady. Ýöne şol gepleşiklerde häzir gelinleriň 20-25 günden atasy öýüne gaýtarylýandygyny aýtmak bolmaýan eken, sebäbi döwlet baştutany “gelinlik döwri kyrk gün” diýdi. Ondan aňyrda görnüp duran hakykaty görmegem bolanok, aýtmagam.

Elbetde, türkmeniň ogul öýermek, gyz çykarmak däp-dessury, onuň beýleki halklardan aýratynlygy hem halkaryň biri-birine ýakynlaşmak meselesi hakynda bir habaryň çäginde giňişleýin gürrüň etmek kyn, ýöne bir zat belli: türkmeniň milli däp-dessury, häzirki zaman aýratynlygy öwreniljek bolsa, şu ugurdan ýörite hünärmen adamlara, alymlara ýol bermeli. Asla ýurtda metbugat azatlygy bolmazdan, milli däp-dessurlaryň dogry öwrenilip bilinmejegine döwlet emeldarlarynyň düşünmegi zerur.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG