Sepleriň elýeterliligi

Ak reňke aşyk bolan


Geçen ýyl ýurduň şahyrasy Gözel Şagulyýewa prezidentiň ak gülleri gowy görýändigi hakda poema ýazypdy.

Geçen ýyl ýurduň şahyrasy Gözel Şagulyýewa prezidentiň ak gülleri gowy görýändigi hakda poema ýazypdy.

Inisiatiwa ýaranjaňlardan gaýtdymy ýa-da bir adamyň özünden, belli däl, iki ýyl bäri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak reňki gowy görýändiginiň üsti açyldy. Telegörüjiler syn edýän bolsa, indi onuň iş kabinetinde, ýygnak geçirýän ýerinde, stolunyň üstünde diňe ak güller goýulýandyr.

Geçen ýyl ýurduň şahyrasy Gözel Şagulyýewa prezidentiň ak gülleri gowy görýändigi hakda poema ýazypdy. Öň habar berlişi ýaly, ol poema geçen ýyl ýurduň ähli gazetlerinde çap edilipdi. Gözel Şagulyýewanyň ak güller hakdaky poemasynda prezidentiň ädiginiň-de, atynyň-da akdygy hakda, onuň ak reňki gowy görýändigi hakda aýdylýardy.

Berdimuhamedowyň prezident bolan ilkinji ýyllarynda, meselem, 2007-nji, 2008-nji, 2009-njy ýyllarda onuň ak reňki gowy görýändigi hakda hiç hili gep-gürrüň ýokdy, 2010-njy ýylda welin, şeýle gürrüň birden ýüze çykdy duruberdi.

2010-njy ýylda, "Ylham" atly seýilgäh açylanda, Gözel Şagulyýewanyň ak güller hakdaky poemasy boýunça aýdymly tans ýerine ýetirilip, şol tansy ýetiren oglan-gyzlara ak köýnek, ak ädik, ak köwüş geýdirilipdi, ellerine bolsa ak güller berlipdi.

Indi prezidentiň oturýan ýerinde, onuň arkasyndaky diwara-da ak haly kakylýar.



Garaşsyzlyk baýramynda, şu ýylky çärelerde çykyş etmeli gyzlar üçin ak keteni köýnek tikdirmelidigi hakda eýýäm buýruk berildi. Ak keteniniň-de, ak halynyň-da bahasy beýleki reňkli halydyr ketenilerden has gymmat.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary öz edarasynyň-kärhanasynyň öňündäki meýdança ak gül ekmäge çalyşýar. Özem şol ak gülleri örän gymmat bahadan daşary ýurtlardan getirmeli bolýar.

Ak geýim

Türkmenistanyň prezidenti ak reňki gowy görse-de, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbine görä, türkmenler ak reňkli geýimi kän bir halamaýarlar. Türkmenler gyzyl reňki gowy görýär. Onuň gelin-gyzlaryna geýdirýän ketenileri-de, gelinleriniň başyna atýan kürtesi-de gyzyldyr. Hatda türkmenleriň ýasda başyna atynýan başatgyçlarynyň reňki-de, ýigitleriň geýýän donlary-da, biline oraýan guşaklarynyň reňki-de gyzyldyr. Türkmenleriň gelinleriniň gadymdan bäri oranýan düýpli gyňaçlary-da gyzyldyr.

"Ak zat alnyňa ýagşy" diýen nakyly döredenem bolsalar, türkmenler mal, maşyn alsa, oňa un sepýän-de bolsalar, ak reňki halamaýarlar. Sebäbi türkmeniň merhumy ak mata salnyp (ak biýzden tikilýän kepen) iň soňky ýoluna ugradylýar. Birem türkmenler dörän wagty adam tenini jym ak edýän pis keseliniň aklygyndan ürkýärler.

Döwürleriň üýtgemegi bilen däp-dessurlar hem üýtgeýär. Gadym döwürde türkmenler hiç wagt ak gyňaç dokamandyrlar. Türkmeniň gelinleri-de, garry aýallar-da gyzyl gyňaç oranyp gelipdir. Ýöne bir asyr gowrak Orsýetiň koloniýasynda bolmagy türkmen bazarlaryna Orsýetde öndürilen her hili reňkdäki ýaglykdyr gyňaçlaryň gelmegine sebäp boldy. Türkmen zenanlary türkmenleriň stanokda dokaýan gyňaçlaryny oranmagy goýup, ors ýaglyklaryny, gyňaçlaryny oranyp, daňynyp başladylar. Soňky döwürlerde şol gyňaçlaryň ak reňklisini (ýöne olaryň gyzyl-ýaşyl gülleri bar) çowluk gören garry eneleriň başyna daňyp başladylar. Bu däp bäş-on ýyllykda tapyldy. Şeýle hem soňky çykan däbe görä, durmuşa çykjak gyzyň maňlaýyna toý güni ak ýaglyk daňýarlar. Başga ýagdaýda türkmenler ak reňki ulanmaýar hem-de halamaýar.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG