Sepleriň elýeterliligi

400 metrlik estafeta ylgawynda rekord täzelendi


Ýekşenbe güni Günorta Koreýada geçýän ýeňil atletika boýunça dünýä ýaryşynda erkekleriň arasynda 400 metr aralyga gurnalan estafeta ylgawynda ýamaýkaly ylgawçylar birinji ýeri alyp, dünýä rekordyny täzelediler.

Bu estafeta ylgawyna gatnaşan ýamaýkaly dört sany ylgawçynyň hatarynda dünýäniň iň ýüwrük ylgawçysy hasaplanýan Usain Bolt hem boldy.

Ýamaýkaly bu dört ylgawçy 400 metr aralygy estafetada 37,04 sekunt wagtda geçdiler. Munuň özi 2008-nji ýylda Pekin olimpiadasynda goýlan ozalky dünýä rekordyndan 0,61 sekunt çaltdyr.
XS
SM
MD
LG