Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan-türkmen alymy Abdyl Mejit Turan aradan çykdy


Hepdäniň anna güni Owganystanda ýaşaýan etniki türkmen dilçisi we taryhçy alym Abdyl Mejit Turan 51 ýaşynyň içinde agyr keselden aradan çykdy.

Abdyl Mejit Turan türkmen we dary dillerinde ýazylan 20-den gowrak kitabyň awtorydyr.

Onuň iň soňky çapdan çykan kitaby türkmenleriň taryhy bilen baglanyşykly ýazylan ylmy-publisistik kitap bolupdy. Bu kitabyň ähmiýetine Kabul uniwersitetiniň taryh fakultetinde ýokary baha berlipdi.

Abdyl Mejit Turan öz döwründe Kabul uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlap, Owganystanyň tele-radio gepleşikler edarasynda türkmen dilindäki gepleşikler bölümine müdirlik edipdi.

Owganystanyň "Bahtar" habar agentligi Abdyl Mejit Turanyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly prezident Hamid Karzaýyň hem resmi gynanç bildirendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG