Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Temmäki gytçylygy dowam edýär


Çilimkeşler temmäkä bolan mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin dürli usullary gözlemäge mejbur boldular.
Çilimkeşler temmäkä bolan mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin dürli usullary gözlemäge mejbur boldular.

Türkmenistanda şu gün çilim çilimkeşleriň aglaba köpüsi üçin elýeterli däl. Muňa temmäki önümleriniň resmi söwda dolanyşygyndan ýok bolmagy, şol bir wagtda-da elden satylýan çilimiň bahasynyň aşa ýokary bolmagy sebäp bolýar. Çilimiň bahasy ýene täze rekord derejä ýetdi.


Türkmenistanda çilimiň bahasy gitdigiçe ýokarlanýar. Edil şu gün, meselem, “Marlboro” çiliminiň 28 manatdan, ýagny 10 amerikan dollaryndan satylýanlygy habar berilýär.

Çilim diňe gara bazarda satylýar, daşary ýurtlardan çilim getirmeklige hem berk çäklendirmeler girizilen. Aşgabadyň aeroportundaky bildirişlerde ýurda girýän her adamyň elinde çilimiň 10 gapdan köp bolmaly däldigi duýdurylýar.

Çilim gytçylygy ýurtda temmäkiniň beýleki görnüşleriniň gytçylygyna we gymmatlamagyna hem sebäp boldy. Çilimkeşler temmäkä bolan mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin dürli usullary gözlemäge mejbur boldular, olar temmäki çekmek usullaryny özleşdirýärler.

Düşewündi az bolan çilimkeşler mahorkany kagyza dolap çekýärler. Adaty atymlyk çaýy kagyza dolap çekýänler hem bar, sebäbi mahorka hem häzir gyt. Ol ogrynça satylýar. Ilat arasynda “suw çilimi” diýip atlandyrylýan kalýanlar hem häzir ýörgünli. Temmäki trubkalar ýa çybyklar hem iýul krizisinden öňem, häzirem defisit haryt bolup galýar.

Metbugat dymýar

Türkmenistanda dörän temmäki krizisiniň sebäpleri köpler üçin henize çenli nämälim galýar. Ýurtda çilimiň satuwdan aýyrylmagyna türkmen hökümeti tarapyndan ilata hiç hili düşündiriş berilmedi. Iki aýa golaý wagt bäri dowam edýän temmäki krizisi temasy metbugatda hem düýpden gozgalmaýar.

Öňe sürülýän käbir çaklamalarda türkmen hökümetiniň şeýdip çilimkeşlige garşy göreşýänligi baradaky pikirler orta atylýar. Ýurtda çilimiň salgytlarynyň ýokarlandyrylmagyna ýa çilim önümleriniň söwdasynyň doly gadagan edilmegine degişli çaklamalar hem bar. Çilim söwdasyna gözegçilik ugrunda häkimiýet başyndaky toparlaryň arasynda göreşiň gidýänligine degişli çaklamalar hem öňe sürülýär.

Çilimiň düýpgöter gymmatlap başlamagy we soňra ýitip ugramagy temmäkä gözegçilik etmek temasyndan Aşgabatda geçirilen seminara gabat geldi. Iýun aýynyň aýagynda geçirilen bu pudagara seminar Türkmenistanyň Temmäkä gözegçilik etmek boýunça Milli programmasyny taýýarlamak we ony Bütindünýä saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreş” boýunça çarçuwaly Konwensiýasynyň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek maksady bilen geçirilipdi.

Türkmenistanda çilimiň bahasy mundan öňem tutuş GDA regiony boýunça iň ýokarydy. Bu fakty Aşgabatdaky şol seminara gatnaşan Ukrainanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň Strategik barlaglary institutynyň temmäkä gözegçilik bölüminiň ýolbaşçysy Konstantin Krasowskiý hem belledi. Bu barada Orsýetiň “Regnum” informasion agentligi habar berdi.

BSG-niň Konwensiýasy

Dünýäniň 174 ýurdunyň temmäkiniň adamyň saglygyna howp salýanlygyny tassyklap, ykrar eden BSG-niň “Temmäkä garşy göreş” boýunça çarçuwaly Konwensiýasyna Türkmenistan şu ýylyň 13-nji maýynda goşuldy. Konwensiýanyň talaplarynyň Türkmenistan tarapyndan doly ýerine yetirilýänligi Aşgabatdaky seminarda yglan edildi.

2003-nji ýylyň maýynda kabul edilip, 2005-nji ýylyň fewralyndan güýje giren bu Konwensiýa agza döwletlerden ençeme şertleriň ýerine ýetirilmegini talap edýär. Temmäki önümleriniň reklamasyny we çilimiň jemgyýetçilik ýerlerinde çekilmegini gadagan etmek, çilimkeşligiň zyýanlydygy barada yzygiderli duýdurmak ýaly talaplar öňe sürülýär.

Konwensiýada temmäki önümçiligine we söwdasyna salgytlary ýokarlandyrmak hem göz öňünde tutulýar. Emma ol ýurtdaky çilimkeşlik derejesi boýunça barlaglaryň geçirilmegini we çilimkeşlikden saplanmak isleýänlere zerur goldawyň berilmegini hem öz içine alýar. Türkmenistanda bu ugurda edilýän işler barada resmi maglumat berilmeýär.

Çilimiň bahasyny ýokarlandyrmak çäresi babatynda aýdylanda BMG-niň saglyk guramasynyň kabul eden temmäki baradaky Konwensiýasyna ilkinji bolup goşulan ýurtlarda çilimiň bahasy Türkmenistandaky bahalardan has arzan. Meselem, häzir Türkmenistanda 10 dollardan satylýan çilimiň bahasy Birleşen Ştatlarda iki esse arzan.

Temmäkä gözegçilik

Käbir synçylar temmäki önümleriniň bahasyny resmi derejede ýokarlandyrmak, ýagny salgytlary artdyrmak ýa täze düzgün girizmek üçin çilimi söwda dolanyşygyndan aýyrmagyň zerurlygynyň yokdugyny belleýärler. Şeýle pikiri öňe sürýänleriň bir hem hukukçy žurnalist Batyr Muhammedow:

— Çilim krizisiniň sebäplerini çilim söwdasynyň örän girdejililiginden görýän. Ýurtda bu pudaga gözegçilik ugrunda göreşiň gidýän bolmagy mümkin. Saparmyrat Nyýazow döwründe çilim söwdasynyň onuň oglunyň elinde bolanlygy hiç kim üçin syr däl. Temmäki adamda garaşlylyk döredýän önüm bolansoň, onuň söwdasy milliardlarça girdeji almaga mümkinçilik berýär. Bu girdejili pudagy öz gözegçiligine almaga höwes bildirýänleriň az däldigi çak edilýär.

Çilimkeşlik agyr sosial problema, çilimkeşlige garşy göreşiň netijeli bolmagy üçin hökümet adamlaryň durmuş ýagdaýy gowulanar ýaly zerur şertleri döretmek ugrunda işlemeli. Mälim bolşuna göra, ýurtda durmuş derejesi pes boldugyça, çilim has köp çekilýär. Raýatlaryň saglygy barada alada edilýän bolsa, olaryň durmuş derejesini yokarlandyrmaga çalyşmaly. Sebäbi çilimkeşlik hem arakhorluk we neşekeşlik ýaly sosial kesel — diýip, Muhammedow aýdýar.

Türkmenistanda temmäki önümleriniň ulanylyşy barada resmi statistiki maglumatlar berilmeýär. Bu problemanyň ýurtdaky derejesiniň döwlet tarapyndan öwrenilip-öwrenilmeýänligi-de belli däl.
XS
SM
MD
LG