Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gozgalaňçylar Bani Walidi gabadylar


Kaddafä garşy müňlerçe söweşijiler Bani Walid şäherini gabadylar, 4-nji sentýabr.
Kaddafä garşy müňlerçe söweşijiler Bani Walid şäherini gabadylar, 4-nji sentýabr.
Liwiýanyň aralyk hökümeti – Milli geçiş geňeşi – häkimiýet başyndan kowlan Muammar Kaddafä wepaly güýçler bilen geçirilen gepleşikleriň netijesiz gutarandygyny aýdýar.

Geňeş tarapyndan gepleşiklere ýolbaşçylyk eden Abdullah Kanşil taýpa ýolbaşçylary bilen Bani Walid şäherinde geçirilen gepleşikleriň ýekşenbe güni soňlanandygyny, indi dowam etmejekdigini bildirdi.

Ol žurnalistlere: “Edil şu wagt siziň dykgatyňyza ýetirere zadym ýok. Ýöne Kaddafiniň söweşijileriniň basym Bani Walidi terk etjekdigini umyt edýärin” diýdi. Kanşil bir žurnalistiň “Gepleşikler tamamlandymy?” diýen soragyna “Hawa, men tarapdan tamamlandy” diýip, jogap berdi.

Kaddafä garşy müňlerçe söweşijiler Bani Walid şäherini gabadylar. Tripoliniň günorta-gündogarynda, çöllükde ýerleşýän bu şäherde iň bolmanda Kaddafiniň bir oglunyň gizlenýändigi aýdylýar.

Kaddafä garşy güýçler duşenbe güni ir bilen Bani Walidiň 15 kilometrliginde, şäheriň merkezini artilleriýa bilen nyşana alarlyk aralykda ýerleşdiler. Bani Walidden gaçyp çykan parahat ilata degişli adamlar Kaddafiniň güýçleriniň şäherden gaçyp, öz agyr ýaraglary bilen töwerekdäki baýyrlyga çekilendigini aýtdylar. Bu aýdylýanlar entek tassyklananok. Bani Walid Liwiýanyň uly taýpalarynyň biri bolan warfallanyň esasy mekany hasaplanýar.

Kanşiliň aýtmagyna görä, Kaddafiniň özi, onuň maşgala agzlarynyň köpüsi şu şäherde diýip, pikir edilýär. Gepleşikler, dawa Bani Walidde söweşsiz çözüler diýen umyt bilen, öten hepde başlanypdy. Gepleşige girişilmegine hem araçylyk edenler warfalla taýpasyna degişli adamlardy.

Ýöne Kaddafiniň sözçüsi Musa Ibrahim: “Bani Waliddäki taýpa ýolbaşçylary hiç haçan boýun egmez” diýýär: “Men bir zady arkaýyn aýdyp biljek: Bani Walid uly, esasy şäher. Özüniň lidere (Kaddafä) wepadardygyny yglan eden Liwiýanyň iň uly taýpalarynyň biri şu ýerde. Olar Geçiş geňeşi bilen gepleşik synanyşyklaryny düýpden ret etdiler. Geçiş geňeşiniň Bani Walid barada aýdýanlaryna bu ýerde hiç kim gulak gabardanok”.

Kaddafä garşy müňlerçe söweşijiler Bani Walid şäherini gabadylar, 5-nji sentýabr.



Milli geçiş geňeşiniň harby sözçüsi Ahmed Baniniň aýtmagyna görä, Kaddafiniň Bani Waliddäki güýçlerine, onuň tarapyny çalýan taýpalara degişli söweşijilere garşy giň gerimli hüjüm gutulgysyzlyga meňzeýär. “Men Bani Walidiň bütünleý azatlyga çykaryljakdygyny öz maşgalalarymyzyň we halkara jemgyýetçiliginiň öňünde tassyklaýaryn. Biziň söweşijilerimiz etmeli işlerini bilýärler” diýip, Ahmed Bani aýtdy.

Bani Walidiň daşyny gurşan Kaddafä garşy söweşijileriň biri Ali Saleh öz birligindäki güýçleriň hüjüm üçin ýokardan gelmeli buýruga garaşýandygyny bildirdi: “Ýagdaý gaty asuda. Biz Bani Walid şäherine girmek üçin Geňeşiň kararyna garaşýarys. Inşalla”.

Kaddafiniň ogullarynyň biri Saadi Kaddafi özüni “bitarap” diýip, yglan etdi. Ýöne ol, öz aýtmagyna görä, gepleşikler arkaly atyşyklaryň ýatyrylmagyna kömek etmäge taýyn. Saadi ýaňy hepdäniň soňunda gepleşikleriň başa barmanlygy üçin jogapkärçiligi öz dogany Saif al-Islamyň eden “agressiw” çykyşynyň üstüne ýükledi.

Halkara jenýat sudy Saif al-Islam bilen Kaddafiniň özüni Liwiýada 6 aý bäri dowam edýän gozgalaňda adamzadyň garşysyna jenaýat edenlikde günäleýär.
XS
SM
MD
LG