Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Kaddafiniň hökümetine ýarag satmandygyny aýdýar


Hytaý Muammar Kaddafiniň hökümetine özüniň ýarag satandygy baradaky maglumatlary inkär etdi.

Hytaýyň DIM-i iýul aýynda Pekinde Kaddafiniň wekilleri bilen Hytaýyň birnäçe kompaniýasynyň duşuşyk geçirendigini tassyklady, emma hiç hili ylalaşygyň baglaşylmandygyny belledi.

“Kaddafiniň hökümeti Hytaýa özüniň wekillerini ugratdy. Bu barada hytaý hökümetiniň habary ýokdy, hytaý hökümeti gyzyklanma bildiren adamlaryň topary bilen habarlaşypdy. Hytaýyň kompaniýalary ýarag ylalaşyklaryny baglaşmady. Şeýle-de Hytaý Liwiýa hiç hili ýarag ugratmady” diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Jiang Ýu çykyş etdi.

Amerikanyň “New York Times” we Kanadanyň “Globe and Mail” neşirleri Pekiniň Liwiýanyň režimine 200 million dollarlyk ýarag we ok-däri hödürländigi barada maglumat beripdi.

Hytaý Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini entek resmi taýdan ykrar etmedi.
XS
SM
MD
LG