Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti dünýä güýçlerini tankytlady


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad dünýä güýçleriniň Aziýada we Afrikada ýerleşýän döwletleriň içerki işlerine goşulyşýandygyny aýdyp, olary tankytlady.

Bu barada Ahmedinejad Täjigistanda gurlan gidroelektrik stansiýasynyň bilelikdäki açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Stansiýanyň gurluşygyna 180 million dollar töweregi pul goýberen Eýran bu desgany 12 ýyllap dolandyrar. Soňra desganyň kontrollygy Täjigistana geçiriler.

Täjigistan gidroelektrik stansiýanyň gurluşygyna 40 million dollar çemesi pul çykarypdy.
XS
SM
MD
LG