Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň Bişkekdäki ilçihanasynyň golaýynda piket geçirildi


Gyrgyzystanda onlarça aktiwist Belarusyň Bişkekdäki ilçihanasynyň golaýynda piket geçirdi. Olar geçen aý Minskde tussag edilen belli belarus aktiwistiniň azatlyga goýberilmegini talap etdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy “Wesna” guramasynyň başlygy Ales Býelýatskiý 4-nji awgustda tussag edilipdi. Oňa salgyt galplyklarynda aýyplama bildirildi. Bu wakany halkara jemgyýetçiligi ýiti ýazgardy.

Şu günki protest düýbi Bişkekde ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Korrupsiýa garşy raýatlar” we “Azatlyk sesi” guramalary tarapyndan gurnaldy.
XS
SM
MD
LG