Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky reýdlerde ençeme adam öldürilipdir


Siriýada howpsuzlyk güýçleri ýurduň merkezinde we türk serhedine golaý ýerleşýän obadyr şäherlerde operasiýa geçirdiler. Bu barada aktiwistler habar berýärler.

Habara görä, ençeme adam öldürilipdir. Ýöne bu maglumatlary garaşsyz çeşmeleriň üsti bilen tassyklamak başartmady.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýada mart aýynyň ortalaryndan bäri dowam edýän protestleri howpsuzlyk güýçleri gazaply basyp ýatyranda 2,200 töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG