Sepleriň elýeterliligi

Öňki gyrgyz prezidentiniň ýegeni tussag edildi


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň ýegenleri Asylbek Saliýev we Nursultan Bakiýew gazak-gyrgyz serhedinde ele salyndy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň metbugat edarasy habar berýär.

12 ýaşly Nursultan Bakiýew öz garyndaşlaryna gowşuryldy. 23 ýaşly Asylbek tussaglykda saklanýar.

Olaryň kakasy Janyş Bakiýew dogany Kurmanbek Bakiýewiň prezidentlik döwründe ýurduň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi bolup işläpdi.

Janyş Bakiýew 2010-njy ýylyň aprelindäki halk tolgunyşyklarynda adam öldürmekde aýyplanýar. Ol häzir gözlenýär.

2010-njy ýylyň aprel aýyndaky wakalar netijesinde Janyşyň dogany Kurmanbek Bakiýew häkimiýetden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG