Sepleriň elýeterliligi

Ukraina bilen Orsýet “özara ylalaşyga gelerden daş”


Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda tebigy gazyň bahasy bilen bagly ýüze çykan konfliktlere çözgüt tapmak maksady bilen duşenbe güni Ukrainanyň daşary işler ministri Konstantin Grişenko Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Moskwada gepleşik geçirdi.

Gepleşikleriň yzy bilen eden çykyşynda Konstantin Grişenko bu mesele boýunça heniz özara ylalaşyga gelerden daşdygyny mälim etdi.

2009-njy ýylda baglaşylan ylalaşyga görä, Ukraina şu ýylyň ahyryna çenli Orsýetden satyn alýan gazynyň her müň kubometri üçin 400 dollar tölemeli. Emma ukrain tarapy bu bahanyň Ýewropa bazaryndaky bahadanam ýokarydygyny aýdyp, gazyň bahasynyň arzanladylmagyna aýak direýär.
XS
SM
MD
LG