Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyzyl Haç Damaskdaky esasy türmä baryp görer


Duşenbe güni Siriýanyň hökümeti paýtagt Damaskdaky esasy türmäniň içine Halkara Gyzyl Haç guramasynyň sapar etmegine rugsat berdi.

Synçylar bu çäräniň netijesinde Siriýada soňky birnäçe aý bäri dowam edýän demonstrasiýalarda tussag edilen müňlerçe adamyň ykbaly barada anyk maglumatlaryň bilinmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, duşenbe güni Siriýanyň dürli şäherlerinde geçirilýän protest çykyşlarynyň barşynda hökümet güýçleri tarapyndan azyndan 10 töweregi parahat ýaşaýjynyň öldürilendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG