Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň delegasiýasy tussaglykdaky gazak aktiwisti bilen duşuşdy


Duşenbe güni ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy öz ýörite delegasiýasynyň tussaglykdaky gazagystanly ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist Ýewgeniý Žowtis bilen duşuşandygy barada press-reliz ýaýratdy.

Maglumata görä, Ýewgeniý Žowtis bilen bu duşuşyk ýakynda, 3-nji sentýabrda geçirilipdir.

Ýewgeniý Žowtis 2009-njy ýylda transport heläkçiligine sebäp bolanlykda aýyplanyp, 4 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Žowtisiň özi özüne bildirilen bu jenaýat aýyplamasyny ýerliksiz aýyplama diýip hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG