Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň goşuny Nigeriň paýtagtyna tarap barýar


6-njy sentýabrda Kaddafini goldaýan uly harby kerwen Nigeriň Agadez şäherinden geçip, paýtagt Niameý şäherine tarap ugur tutdy diýlip, habar berilýär. Bu kerweniň onlarça bronlanan tehnikadan ybaratdygy aýdylýar.

Kerwende Kaddafiniň maşgala agzalarynyň bardygy ýa ýokdugy belli däl.

Kaddafiniň metbugat sekretary Musa Ibragim Siriýanyň telewideniýesine beren interwýusynda Kaddafiniň Liwiýadadygyny aýtdy.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi Kaddafiniň goşunlarynyň harby kerweni bilen köp möçberde pul serişdeleriniň geçirilýändigini aýtdy. Bu maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Bu aralykda liwiýaly gozgalaňçylar Kaddafiniň tarapdarlarynyň şäheri hasaplanýan Bani Walide girmäge taýýarlyk görýärler. Gozgalaňçylar bilen kaddafiçileriň arasynda gepleşikler dowam edýär diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG