Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Perisiç 27 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


BMG-niň Uruş jenaýatlary sudy öňki Ýugoslawiýanyň harby goşunynyň ýolbaşçysy Momçilo Perisiçi 27 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Perisiç 1990-njy ýyllarda Balkanda bolan uruş döwründe adamzada garşy jenaýatlary amala aşyrmakda, şol sanda Srebrenisada 8 müň musulmanyň öldürilmeginde bosniýaly serblere ýardam bermekde aýyplanýar.

Peresiç özüne ýöňkelen aýyplamalaryň ählisini ret edip, özüniň günäsizdigini nygtady.

Momçilo Perisiçe garşy sud seljerişligi 3 ýyldan gowrak wagt dowam etdi. Onda 100-e golaý şaýat görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG