Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Ysrayl bilen söwda, harby gatnaşyklaryny togtatdy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan öz ýurdunyň Ysraýyl bilen söwda we harby gatnaşyklaryny bes edýändigini mälim etdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagyna 5-nji sentýabrda Ysraýylyň premýer-ministriniň aýdan sözleri sebäp boldy. Ol geçen ýylyň maý aýynda Gaza sektoryna gabawy böwüsmek islän gämä ysraýyl harbylarynyň hüjümi wagty 9 türk raýatynyň ölümi üçin öz ýurdunyň ötünç soramaly däldigini aýtdy.

Sişenbe güni Ysraýylyň goranmak ministri Ýehud Barak bu mesele bilen bagly eden çykyşynda iki tarapy hem oýlanyşykly hereket etmäge çagyrdy.

Bu wakany derňän BMG-niň ýörite komissiýasy operasiýa wagty Ysraýylyň gereginden artyk güýç ulanandygy, şol bir wagtda-da Gaza sektorynyň gabawynyň kanunydygy barada netije çykarypdy.

Türkiýe bu meseläni Halkara adalat suduna geçirjekdigini aýdýar.

Türkiýäniň premýer-ministri ýakyn wagtda özünüň Gaza zolagyna sapar etmekçidigini hem mälim etdi.
XS
SM
MD
LG