Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky hüjümde 8 harby gullukçy heläk boldy


Yragyň demirgazygynda harbylary daşaýan awtoulaga edilen ýaragly hüjümiň netijesinde 8 adamyň heläk bolup, biriniň ýaralanandygy habar berilýär.

Bu waka 5-nji sentýabr gijesi Bagdatdan 190 kilometr uzaklykda ýerleşýän Hadit şäheriniň golaýynda boldy. Häzir hüjümçiler gözlenýär.

Soňky döwürde Yrakda howpuzlyk güýçlerininiň gullukçylaryna we harbylara garşy hüjümler ýygjamlaşdy.

Ýurduň resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, Yrakda diňe awgust aýynyň özünde 45 polisiýa işgäri we 39 harby gullukçy öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG