Sepleriň elýeterliligi

“Demirgazyk akym” gaz geçirijisi synagdan geçirilýär


6-njy sentýabrda Orsýetiň Leningrad oblastynda “Demirgazyk akym” proýektiniň birinji tapgyry tamamlanyp, gaz geçiriji turbalaryň synagy başlandy.

Gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna ýurduň premýer-ministri Wladimir Putin gatnaşdy.

Turbalardan tehnologiki gaz göýberilip, ol synagdan geçirilýär.

“Demirgazyk akym” proýektiniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň şu ýylyň oktýabr aýynda doly tamamlanmagy planlaşdyrylýar.

Baltik deňziniň düýbi boýunça gurlan, uzynlygy bir müň kilometrden geçýän gaz geçirijisi Orsýetiň Wyborg şäherinden Germaniýanyň Graýswald şäherine barýar.

Gaz geçiriji proýektiniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň 2012-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

“Demirgazyk akym” gaz geçirijisi arkaly Ýewropa ýurtlaryna her ýyl 55 milliard kubmetr ors gazynyň satyljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG