Sepleriň elýeterliligi

Çaga ölmek üçin dogulmaýar


9 ýaşly maýyp gyzjagaz guma gömülmek arkaly bejergi alýar, Karaçi, Pakistan, 2011-nji ýylyp 4-nji ýanwary.

9 ýaşly maýyp gyzjagaz guma gömülmek arkaly bejergi alýar, Karaçi, Pakistan, 2011-nji ýylyp 4-nji ýanwary.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Çagalary goraýyş” guramasy özüniň “Saglyk işgärleriniň baryp görmek mümkinçiligi” atly täze hasabatyny ýaýratdy. Dünýäniň 161 ýurduny öz içine alýan bu hasabatda kesellän halatynda çagalara edilýän gözegçiligiň derejesi seljerildi.

Hasabatda dünýäniň ýurtlaryna berlen baha boýunça kesellän wagty çagalara lukman kömegeniň berilmegi babatda iň gowy netijejäni görkezen döwletler Şweýsariýa we Finlýandiýa bolup, iň pes netije Çad bilen Somalä degişli diýlip kesgitlenildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdka geçiriljek maslahatyndan öň çap edilen bu hasabatda nygtalmagyna görä, Efiopiýa, Niegeriýa we Sierra Leona ýaly ýurtlarda tejribeli saglyk işgärleriniň ýetmezçiliginiň millionlarça çaganyň ölümine sebäp bolmagy mümkin.

“Çagalary goraýyş” guramasynyň täze hasabatyna görä, häzir dünýä boýunça 3,5 million doktor, şepagat uýasy we jemgyýetçilik saglyk işgärleri ýetmezçilik edýär. Bu boşluk doldurylmazdan, kömege mätäç çagadyr enelere ýeterlik derejede – talabalaýyk kömek bermek mümkin bolmaz. Şeýle halatda bejergisi onçakly bir kyn bolmadyk pfenomiýa we içgeçme ýaly keselleriň hem ölüm bilen gutarýan gezekleri seýrek däl.

“Lotereýa”

“Çagalary goraýyş” guramasynyň operasiýalar boýunça ýolbaşçysy Ben Hewitt Azatlyk Radiosyna beren interwýusyna öňüni alyp we bejerip bolýan keselden çagalaryň ölmeklerine adalatsyzlyk hökmünde garaýandygyny aýtdy:

— Hiç bir ene ýaş üstünden ölmeli däldir. Bu ýagdaýda hökmany şertde talabalaýyk lukmançylyk kömegi berilmelidir. Hiç bir çaga ölmek üçin dogulmaýar. Bir zada düşüniň, çagalar özleriniň doguljak ýerlerini saýlanoklar. Bu bir lotereýa oýnuna meňzeýär. Eger-de çaga lukmançylyk kömeginiň çäkli ýa-da ýok ýerinde dogulsa, onda onuň ölmeginiň derejesi juda ýokary. Eger-de çaga saglyk işgärleri ýeterlik bolan Şweýsariýa ýaly ýurtlarda dogulsa, onuň ýaşamagyna hem juda köp mümkinçilik bar. Bu juda uly bir bijedir — diýip, Hewitt aýdýar.

Hasabatda diňe bir kömege gelmäge ukyply bolan lukmanlaryň sany kesgitlenmän, eýse olaryň hassa çagalaryň ýanyna barmak mümkinçilikleri hem öwrenildi. Merkezden çetde ýaşaýan çagalara saglyk işgärleriniň kömege barmak mümkinçilikleri juda çäkli. Mysal üçin, Nigeriýadaky eneleriň 70% töwereginiň aýtmagyna görä, olara saglyk merkezleri barardan has uzakda ýerleşýär.

Şeýle-de hasabatda bellenilişine görä, saglyk işgärleriniň arasynda aýal maşgalalaryň bolmagy hem käbir ýurtlarda juda möhüm. Mysal üçin Owganystan, Nepal we Efiopiýa ýaly ýurtlarda aýallar, käbir belli sebäplere görä, özlerini erkek lukmanlara barladyp bilmeýärler. Owganystanda aýal lukmanlaryň köpelmegi bilen, ýurtda çaga ölüminiň derejesiniň-de göz-görtele kemelendigi hasabatda aýdylýar.

Merkezi Aziýada

Türkmenistan bu hasabatda 161 ýurduň arasynda 44-nji orunda ýerleşdirildi. Türkmen metbugaty ýurtda degişli kanunçylyk bazasyny kämilleşdirmäge, dünýäniň çaga hukuklary babatdaky iň gowy tejribelerini öwrenmäge we bu ugurdaky halkara ölçeglerini durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini ýazýar.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň döwlet syýasaty çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Emma, Türkmenistanly raýatlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu ugurda wada berijili köp çykyşlaryň edilýändigine garamazdan, göze ilýän özgerişlikler az.

Dünýäniň 52 ýurdunda iş alyp barýan “Çagalary goramak” atly guramanyň “Saglyk işgärleriniň baryp görmek mümkinçiligi” baradaky hasabatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň gowy görkeziji Özbegistana degişli bolup, ol 9-njy orunda ýerleşdirildi. Hasabatda Gazagystan 16-njy, Gyrgyzystan 42-nji we Täjigistan bolsa 65-nji orunda dur.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG