Sepleriň elýeterliligi

Italiýan delegasiýasy türkmen DIM-inde duşuşyk geçirdi


Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Italiýanyň hökümetiniň delegasiýasy bilen duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Italiýan delegasiýasynyň agzalary Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginde-de gepleşik geçirdiler.

Bu ýerdäki gepleşiklerde iki ýurduň gumanitar sferadaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alşylandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG