Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň Liwiýanyň territoriýasyndadygy aýdylýar


Sişenbe güni Muammar Kaddafiniň metbugat sekretary Moussa Ibrahim häkimiýetden çetleşdirilen Kaddafiniň henizem Liwiýanyň territoriýasynda sag-aman ýaşap ýörendigini aýtdy. Ol bu barada sişenbe güni telefon arkaly «Roýter» habar agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Bu wakanyň öňýany Kaddafiniň tarapdarlaryna degişli harby ulaglaryň bir toparynyň Niger döwletiniň territoriýasyna geçendikleri barada habarlar peýda boldy.

Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri Nigere baran bu harby kerweniň düzüminde Kaddafä ygrarly ýokary derejeli resmiler hem bar diýlip çaklanylýandygyny aýdýarlar.

Sişenbe güni Waşington Nigeriň hökümetini bu gürrüňi edilýän harby kerwen bilen baran şahsyýetleri tussag etmeklige hem-de olary Liwiýanyň häzirki wagtlaýyn hökümetine tabşyrmaklyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG