Sepleriň elýeterliligi

Kazanda “Musulman kinolarynyň festiwaly” açyldy


Sişenbe güni Tatarystanyň paýtagty Kazanda “Musulman kinolarynyň festiwaly” ady bilen halkara kino festiwaly açyldy.

11-nji sentýabra çenli dowam etjek bu halkara kino festiwalyna postsowet ýurtlarynyň köpüsinden, şol sanda, Orsýetden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Bosnýa-Gersogowinadan we käbir beýleki ýurtlardan onlarça filmler gatnaşar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu kino festiwalyna Türkmenistanyň kino önümleriniň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada hiç hili maglumat ýaýratmady.

Köp synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda kino sungatynyň derejesiniň örän pese gaçandygyny we bu pudaga döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilmeýändigini belleýärler.
XS
SM
MD
LG