Sepleriň elýeterliligi

Perisiç 27 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Sişenbe güni BMG-niň harby tribunaly ýugoslaw goşunlarynyň ozalky komanduýuşisi Momsilo Perisiçi 1990-njy ýyllaryň Balkanlardaky urşunda köpsanly jenaýat işlerini amala aşyranlykda günäli tapyp, ony 27 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Hususan-da, Gaaga sudy 67 ýaşly Momsilo Perisiçe Bosniýadaky we Horwatiýadaky uruşlarda ýerli raýatlary öldürmekde, adamlary yzarlamakda we parahat ýaşaýjylara garşy hüjümleri gurnamakda jenaýat aýyplamasyny bildirdi.

Ýugoslaw goşunlarynyň ozalky komanduýuşisi Perisiç özüne bildirilýän bu aýyplamalaryň hemmesini ret edýär.
XS
SM
MD
LG