Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG owgan türmeleri barada hasabat taýýarlady


Sişenbe güni BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň resmileri Owganystanyň türmelerindäki gynamalar bilen baglanyşykly taýýarlanan ýörite hasabatyň ýurduň häkimiýetlerine gowşurylandygyny mälim etdiler.

BBC habar gullugynyň bu barada ýaýradan maglumatynyň yzy bilen, BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň metbugat sekretary hakykatdanam bu ýurduň türmelerinde tussaglaryň yzygiderli ýagdaýda gynalmalaryna degişli düýpli maglumatyň toplanandygyny tassyklady.

Bu peýda bolan maglumatlardan soň, sişenbe güni Owganystandaky NATO güýçleriniň resmileri özleriniň tussag eden adamlaryny häzirlikçe owgan türmelerine tabşyrmakdan saklanýandyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG