Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Garanti Koza LLP” kompaniýasy “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernini halkara suduna berýär


Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň awtomobil ulaglary we gara ýollar ministri Serdar Berkeliýewe käýinç berlipdi.
Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň awtomobil ulaglary we gara ýollar ministri Serdar Berkeliýewe käýinç berlipdi.

Britaniýada hasaba alnan türk kompaniýasy “Garanti Koza LLP” Türkmenistanyň “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň üstünden şikaýat edip, Bütindünýä bankynyň inwestision dawalara seredýän halkara merkezine ýüz tutdy. Bu daşary ýurt kompaniýalarynyň türkmen hökümetiniň üstünden arz edip, halkara edaralaryna ýüz tutmagyna degişli nobatdaky wakadyr.


“Garanti Koza LLP” şirketiniň Bütindünýä bankynyň inwestision dawalara seredýän halkara merkezine beren arzasy şu ýylyň 20-nji iýulynda hasaba alyndy. “Garanti Koza LLP” kompaniýasynyň Türkmenistanyň “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernini suda berenligi inwestision dawalara seredýän halkara merkeziniň resmi maglumatynda aýdylýar.

“Garanti Koza” kompaniýasynyň türkmen tarapy bilen dawasynyň nämeden ybaratdygyny kompaniýanyň özünden anyklap bolmady.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni öz üstünden edilen bu şikaýatdan habarsyzdygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy. Döwlet konserniniň wekili “Türkmenawtoýollarynyň” “Garanti Koza LLP” kompaniýasy bilen hiç bir dawasynyň ýokdugyny hem belledi.

Britaniýada hasaba alnan “Garanti Koza LLP” türk şirketi 2008-nji ýylda Mary-Türkmenabat gara ýolunyň ugrunda 28 sany köprini gurmak boýunça şertnama baglaşypdy. Türkiýäniň habar serişdelerinde we halkara neşirlerde habar berlişine görä, umumy bahasy 100 million dollarlyk bu gurluşyk 2008-nji ýylyň fewral aýynda başlanyp, oktýabar aýynda tamamlanmalydy.

Türkmen tarapyndan nägilelik

Bütindünýä bankynyň inwestision dawalara seredýän halkara merkezi döwletler we raýatlar arasyndaky dawalary çözmek üçin döredilen özbaşdak halkara edaradyr. Bu guramanyň Konwensiýasyna gol çeken 140-dan gowrak döwletiň arasynda Türkmenistan hem bar.

Bütindünýä bankynyň inwestision dawalara seredýän halkara merkezi Türkmenistanyň üstünden edilen şikaýatlaryň ençemesine garaýar. Şikaýat edenleriň arasynda “Içkale Inşaat Limited” we “Kylyç Inşaat” gurluşyk kompaniýalary hem bar.

Şu ýylyň bahar aýlarynda 20-den gowrak türk kompaniýasynyň Tükmenistanyň üstünden arz edip, suda ýüz tutmakçydygy habar berlipdi. Halkara habar agentlikleriniň maglumatlarynda türk kompaniýalarynyň olaryň Türkmenistanda amala aşyran gurluşyk işleri üçin türkmen tarapyndan 1 milliard dollar möçberde pul tölenmegini talap edýändikleri aýdylypdy.

Maý aýynyň aýagynda Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Türkmenistana sapar etdi. Habar berlişine görä, Gülüň bu saparynyň yzysüre prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türk kompaniýalary bilen birnäçe sapar gepleşik geçirdi. Emma türkmen resmileriniň bu meselä garaýşy türk kompaniýalaryny kanagatlandyrmady.

Türkmen tarapy meseläniň çynlakaýdygyna göz yetirmeýär we oňa ýeterlik derejede ähmiýet bermeýär diýip, Türkmenistanyň üstünden şikaýat edýän türk kompaniýalarynyň toparynyň ýolbaşçysy Irfan Dölege salgylanyp, “Associated Press” agentligi habar beripdi.

Türkmenistanyň resmi pozisiýasy

Resmi Aşgabat türk kompaniýalary bilen hasaplaşyk problemasynyň bardygyny ret edýär. “Dünýädäki ykdysady çökgünlilik ýyllarynda hem biz türkiýeli hyzmatdaşlarymyz tarapyndan ýurdumyzda ýerine ýetirilen ähli işler üçin tölegleri öz wagtynda we yzygiderli töläp geldik” diýip, Berdimuhamedow iýun aýynyň başynda eden çykyşynda aýtdy.

16-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan resmi beýannamasynda “türk kompaniýalarynyň problemalary barada berilýän maglumatlaryň hakykata gabat gelmeýänligi” aýdyldy we türkmen tarapynyň ýüze çykýan islendik meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge konstruktiw çemeleşýänligi bellendi.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedow ýurtda işleýän türk kompaniýalarynyň birnäçesiniň işinden nägilelik bildiripdi. Türk şirketleriniň adyna edilen bellikler, hususan-da, gurulýan obýektleriň hiline wa möhletine degişlidi. Soňky aýlarda bu tema ýerli metbugatda düýpden gozgalmaýar.

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň awtomobil ulaglary we gara ýollar ministri Serdar Berkeliýewe käýinç berlipdi. Bu käýinje ministriň gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ministrligiň garamagyndaky edaralara hem kärhanalara gözegçiligi gowşadanlygy sebäp boldy diýlip, habar berlipdi. Emma şol kemçilikleriň nämeden ybaratdygy aýdylmandy.
XS
SM
MD
LG