Sepleriň elýeterliligi

Ors-ukrain toýy sowuldy, gaz dawasy ýitileşýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda) ukrainaly kärdeşi Wiktor Ýanukowiç bilen Soçide, 2011-nji ýylyň 11-nji awgusty.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda) ukrainaly kärdeşi Wiktor Ýanukowiç bilen Soçide, 2011-nji ýylyň 11-nji awgusty.

Hemmesi ilki öten ýyl Ukrainanyň Harkow şäherinde uly şagalaň bilen başlanypdy. Şol ýerde Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen onuň ors kärdeşi Dmitriý Medwedew Orsýetiň Gara deňiz porty bolan Sewastopoldaky deňiz bazasyndan peýdalanmagy baradaky ylalaşyga gol çekişipdiler.

Şeýdip, Kremliň taryhy waka diýip atlandyran bu ylalaşygy Ýanukowiçden öňki prezidentleriň Günbatara gönükdirilen syýasatyny üýtgedipdi. Ýöne indi bu wakanyň üstünden bir ýyl geçer-geçmez, süýjüşikli aý sowuldy. Ukraina indi Orsýeti halkara suduna berjekdigini aýdýar. Munuň sebäbi, Kiýewiň aýtmagyna görä, 2009-njy ýylda baglaşylan bir şertnama boýunça Ukrainanyň Orsýetden alýan gazyna, Germaniýa ýaly beýleki Ýewropa ýurtlarynyňky bilen deňäniňde, ýylda 6 milliard dollara çenli artykmaç pul tölemeli bolýanlygy.

Moskwa Ukraina Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine garşy çykmagyny goýsa, täze ylalaşyk barada oýlanjakdygyny aýdýar. Ýanukowiç muny “kemsidiji” tutum diýip atlandyrdy. Ol ýaňy hepdäniň soňunda: “Olaryň biz bilen beýle gürleşmegine ýol bermeris” diýdi.

Ukraina Orsýeti Stokgolmdaky Arbitraž suduna berjek diýip haýbat atsa-da, ýurduň daşary işler ministri Kostantin Hryşçenko bu iş gerek bolmaz diýen umytda: “Halkara sudlarynyň haýsy birine hem bermeli bolsa, bizde ýeterlik subutnama bar. Ýöne biz basym döwrebap bazar ýagdaýyna, döwrebap şertnama praktikasyna laýyk bir çözgüt tapylar diýip, umyt edýäris”.

Iki tarap hem geçmişde bolan dawalaryň gaýtalanmagyny islemeýändiklerini aýdýarlar. Ýöne Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin duşenbe güni Germaniýa gidýän täze gaz turbasy üstümizdäki ýylyň aýaklarynda işe başlasa, “tranzit ýurtlaryň buýruklary” gowşar diýmek bilen dartgynlylygy güýçlendirdi.

Ukrainanyň Orsýet bilen bolan ylalaşygy boýunça Kiýew 2009-njy ýylda gazyň her müň kubmetrine 230 dollar töledi. Bu üstümizdäki ýylyň aýaklarynda artyp, 400 dollara ýeter diýen çaklama bar.

Ukraina hiç bolmanynda Orsýetden alýan gazynyň möçberini kemeltjekdigini aýdýar. Ýöne bu işi-de edip bolanok, sebäbi alynmaly gazyň mukdary öňünden bellenen.

Timoşenkonyň suda çekilmegi

Köp adamlar Moskwa bilen bolan bu oňuşmazlygy öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň sud prosesi bilen baglanyşykly diýip hasaplaýar. Analitikleriň pikiriçe, Timoşenkonyň suda çekilmegi bu ylalaşygyň kanunylygyny gowşatmak üçin edilýän synanyşyk.

2009-njy yýylda gaz ylalaşygyna gol çekmek bilen wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplanýan Timoşenkonyň günäli tapylmagy Orsýetiň garşysyna suda ýüz tutmagy üçin Ukraina bir bahana bolýar.

Kiýewiň syýasy barlaglar baradaky Penta merkeziniň ylmy işgäri Wolodimir Fesenko prezident Ýanukowiç Moskwa köp zat berip, ondan köp zada garaşdy diýen pikirde: “Bu ylalaşyk iki tarapda-da köp umytlara ýol açdy. Ýanukowiç orslary mugyra getirmegi başarandyryn öýtdi. Ýöne olaryň mundan artyk eglişige meýilli däldigi soňra belli boldy”.

Gatnaşyklaryň has hem sowap ugramagyna getiren zat üstümizdäki ýylyň başlarynda Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen integrasiýa gepleşiklerini güýçlendirmegi boldy.

“Bu orslar üçin bir garaşylmadyk ýakymsyz zat boldy. Olar Ukrainanyň özleriniň Gazagystan we Belarus bilen bolan Gümrük bileleşigine goşularyna garaşypdylar. Ýöne Ýanukowiç özüniň ileri tutýanynyň Ýewropa integrasiýasydygyny aýdanda, orslar gaýtawul berip, sanksiýalar bilen haýbat atmaga başladylar” diýip, Fesenko belleýär.

Ukraina özüniň Ýewropa Bileleşigi bilen alyp barýan gepleşiklerini Orsýete garşy ulansa-da, Ýanukowiç Günbatar tarapdan ýiti tankyt astynda. Günbatar Timoşenkonyň sud arkaly yzarlanmagy syýasy sebäplidir diýen iňkisde.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton öten hepde: “Biz öz gündogar ýaranlarymyz, günogar goňşularymyz barada oýlananymyzda Ukrainada bolýan zatlary, Ýuliýa Timoşenko baradaky aladalarymyzy, ol ýerdäki sud prosesini ünsden düşürmeris” diýdi.

Ozalky iki ýaranyň arasyndaky oňuşmazlygyň soňunyň nirä barjakdygy entek belli däl. Ýöne Ýanukowiç sişenbe güni “Kommersant” gazetinde çykan bir interwýusynda: “Biz bilen güýç pozisiýasyndan ultimatiw äheňde gürleşmek üstünlik getirmez” diýdi.
XS
SM
MD
LG