Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň giýewsi “bu golaýda syýasata goşulmaz”


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň mirasdüşeri boljakdygy çak edilýän Timur Kulibaýew çarşenbe güni metbugat konferensiýasynda çykyş edip, “ýakyn geljekde syýasata goşulmak” niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Nazarbaýewiň gyzyna öýlenen Kulibaýew “biznes pudagynda iş alyp barmakdan hoşaldygyny” aýdyp, “men hiç haçan syýasat bilen meşgullanmadym, men hiç bir syýasy partiýa-da hem duramok” diýdi.

Kulibaýew “Samruk-Kazyna” fondunyň başlygy. “Samruk-Kazyna” döwlet edarasy bolup, gazak ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryna, şol sanda energiýa, altyna we uran pudagyna kontrollyk edýär.

Golaýda 71 ýaşan prezident Nazarbaýew özünden soň häkimiýetiň başyna kimiň geçip biljekdigi barada dil ýarman gelýär.

Kulibaýew çarşenbe güni eden çykyşynda: “Prezident häzir gowy halda. Alla oňa jan-saglyk bersin” diýdi.
XS
SM
MD
LG