Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň harby resmisi hüjümden aman galdy


Çarşenbe güni Pakistanyň günorta-günbataryndaky Kuetta şäherinde janyndan geçen iki adam ýurduň ýokary derejeli harby wekiliniň öýüne hüjüm etdi. 20-ä golaý adam öldi, onlarçasy ýaralandy.

Pakistandaky “Talyban” söweşijileriniň metbugat wekili Ehsanulla Ehsan telefondan gürläp, bu hüjümiň golaýda “Al-Kaýdanyň” üç wekiliniň tutulmagyna jogap hökmünde amala aşyrylandygyny aýtdy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, janyndan geçenleriň biri Kuettanyň serhet güýçleriniň başlygynyň orunbasarynyň öýüniň daşynda ulagyny partladypdyr. Ikinji hüjümçi özüni öýüň içinde partlatdy.

Harby resmi hüjümden aman galmagy başardy.
XS
SM
MD
LG