Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu Delidäki partlamada azyndan 10 adam öldi


Nýu Delide Hindistanyň ýokary sudunyň binasynyň daşynda amala aşyrylan partlamada azyndan 10 adam öldi, onlarça adam ýaralandy.

Resmileriň aýtmagyna görä, bomba gutuda ýerleşdirilene meňzeýär. Ol suduň binasynyň girelgesinde, adamlaryň üýşüp duran ýerinde partladyldy.

Ekstremist “Harkat-ul-Jihad al-Islami” topary elektron hat üsti bilen bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstünde aldy. Häzir polisiýa bu haty derňeýär.

Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh hüjümi ýazgaryp, şeýle diýdi: “Bu bir gorkak terrorstik hüjümidir. Biz munuň bilen hasaplaşarys. Biz hiç haçan terrorizmiň basyşyna boýun bolmarys. Bu bir uly söweş. Terroryň zalymlygyny ýok etmek üçin, ähli syýasy partiýlar, Hindistanyň ähli halky agzybir bolmalydyr”.
XS
SM
MD
LG