Sepleriň elýeterliligi

Käbir owgan türmelerine tussag ibermek togtadyldy


Owganystanda NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara güýçleri tussag edilen adamlary ýurduň käbir türmelerine ugratmagyny togtatdy.

BMG-niň entek çap bolmadyk hasabatynda owgan türmelerinde tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi bellenilýär.

BBС gullugynyň aýtmagyna görä, BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň taýýarlan hasabatynda türme işgärleriniň tussaglary ýençýändikleri, käbir ýagdaýda elektrik togy bilen gynaýandyklary, şeýle-de jynsy zorluk bilen gorkuzýandyklary aýdylýar.

Halkara güýçleriniň metbugat wekili Karsten Jeýkobson şeýle çykyş etdi: “Biz ätiýaçdan tussaglary käbir türmelere ugratmagy togtatdyk. Biz BMG-niň hasabatynyň ýakyn wagtyň içinde çykjakdygyny bilýäris. Biz bu hasabata serederis. Biz tussaglary tabşyrmak boýunça çäreleriň ählisini togtatmadyk. Diňe käbir tussaghanalara ugratmagy duruzdyk”.

BMG-niň hasabatynyň ýakyn günlerde köpçülige ýetirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG