Sepleriň elýeterliligi

Mubaregiň işi boýunça sud prosesi dowam edýär


Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň işi boýunça sud prosesi gaýtadan öz işine başlady.

Mubarek korrupsiýada we parahat demonstrasiýaçylaryň öldürilmegi bilen baglanyşykly çärelerde aýyplanýar.

Çarşenbe güni geçirilen diňlenişikde fewral aýyndaky gozgalaňda ýüzlerçe protestçiniň öldürilmegi boýunça täze şaýatlara söz berildi. Şol tolgunyşyklaryň netijesinde Mubarek häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişigine 83 ýaşly Mubarek näsaglaryň arabasynda getirildi.

Mubarek özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG