Sepleriň elýeterliligi

Ukraina türkmen gazyny satyn almagyň ugruna çykdy


Ukrainanyň energiýa ministri Ýuriý Boýko çykyş edip, Kiýewiň Türkmenistandan gaz satyn almak mümkinçiliklerine seredýändigini aýtdy.

Boýkonyň sözlerine görä, 2006-njy ýylda türkmen gazynyň importy togtadylandan soň, häzir Ukraina türkmen gazyny täzeden satyn alyp başlamak mümkinçiliklerini öwrenýär.

Boýko Orsýetiň Germaniýa barýan täze “Demirgazyk akym” gaz geçirijisiniň Ukrainanyň üstünden geçýän gaz tranzitine “düýpli” täsir etmejekdigini hem belledi.

Sişenbe güni “Demirgazyk akym” proýektiniň birinji tapgyry tamamlanyp, gaz geçiriji turbalaryň synagy başlanypdy.

“Demirgazyk akym” arkaly Ýewropa ýurtlaryna her ýylda 55 milliard kubmetr ors gazynyň satyljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG