Sepleriň elýeterliligi

Ýaranjaňlaryň edähedi dowam edýär


"Täçgeldi Gutlyýew bolsa şu ýylyň 4-ni maýynda "Türkmen dili" gazetinde "Adam ýüzi mübärek" atly uly göwrümli makalasynda döwlet baştutanynyň "Arkadag" adynyň Ylahdan - Alladan ak kepderiniň getirendigini delillendirmäge çalyşýar".

"Täçgeldi Gutlyýew bolsa şu ýylyň 4-ni maýynda "Türkmen dili" gazetinde "Adam ýüzi mübärek" atly uly göwrümli makalasynda döwlet baştutanynyň "Arkadag" adynyň Ylahdan - Alladan ak kepderiniň getirendigini delillendirmäge çalyşýar".

Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Konstitusiýasynda şol bir adamyň diňe iki möhlete prezident bolmalydygy ýazylyp, ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde ösdürilmegi kepillendirilýärdi.

Emma ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow kem-kemden ähli ygtyýarlygy öz eline alyp, diktatura syýasatyny emele getirdi. Ol ilki "Türkmenbaşy" adyna eýe boldy. SSSR-i saklap galmak üçin öz mümkinçiliginiň çäginde elinden gelenini edendigini gizläp, Nyýazow türkmene sekiz ýüz ýyldan soň garaşsyz türkmen döwletini "döredip beren" "serdar" boldy.

Nyýazow 1999-njy ýylyň dekabrynda çaklendirilmedik möhlete prezident bolmaga ygtyýar aldy.
Halk maslahatynyň ygtyýarlygyna girmeýän karary esasynda Nyýazow 1999-njy ýylyň dekabrynda çaklendirilmedik möhlete prezident bolmaga ygtyýar aldy. Muny az gören diktator ýaranjaň döredijilik işgärlerine özüne "pygamber, Allanyň ýerdäki wekili" diýip ýazdyrypdy, 2000-nji ýyllaryň başynda prezident köşgünde işlän Akmyrat Muhadowyň "Pygamber Serdaryň her aýdan sözi Arşdan permandyr saňa, türkmenim" diýen ýaly setirlerini şol döwürdäki islendik metbugat sahypasyndan tapmak mümkindi. Hatda şahyr Baýram Jütdiýew "Beýik Serdaryna" "Alla" titulyny berip, goşgy ýazypdy.

Kakamyrat Ballyýew we Osman Ödäýew 2001-nji ýylyň maýynda "Нейтральный Туркменистан" hem "Türkmenistan" gazetlerinde Nyýazowyň "pygamberligini" delillendirip, "Pygamber habary" atly makalany rus hem türkmen dillerinde, gazetleriň iki sahypasyny dolduryp ýazypdylar.

Aslynda, ol makala Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň şol döwürde çagyrylan nobatdaky maslahatynda Nyýazowyň hakykatdan-da pygamberligini dünýäniň çar künjünden gelen türkmenlere makullatdyrmak üçin ýazylan eken. Ýöne şol maslahatda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň agasynyň altynjy arkasy bolan Ata işan bu konferensiýa gelen daşary ýurtly türkmenlere örän sypaýyçylyk bilen yslam dininde soňky pygamberiň Muhammetdigini aýdyp, ylalaşyk hökmünde Nyýazowa "Beýik" titulyny bermegi teklip edýär hem-de Nyýazowyň arzuw eden "Pygamberligi" yglan edilmän, ol adynyň öňünden "Beýik" diýlip tutulmak hukugyna eýe bolýar.

Bir söz bilen aýdanyňda, Nyýazow türkmeniň owal-ahyr döremedik, indem döräp bilmejek "lideri" bolupdy. Hatda merhum žurnalist Annageldi Nurgeldiýew "Bu beýik lideriň" suratyny baýdagymyzda ýerleşdirmegi teklip edipdi, bu ideýany goldap, metbugatda uly kompaniýa alnyp baryldy. 2002-nji ýylyň noýabrynda Nyýazowyň janyna "kast edildi" diýlen wakada şol "kast edişlige" gatnaşan adamlary, hatda olaryň hossarlaryny, neresse çagalaryny türkmeni ýer ýüzünden ýok etmek islän adamlar hökmünde öldürmek teklipleri edilipdi. Köşk şahyry Gözel Şagulyýewa halkyň öňünde, "Beýik serdarynyň" gaşynda ondan soň ýaşamajakdygyna dabara bilen kasam edipdi.

"Altynjy eýýam"

Elbetde, Nyýazowyň "Beýik liderdigi", onuň türkmene beren "Mukaddes Ruhnama" kitabynyň awtorydygy hakynda hem onlarça, belki ýüzlerçe makalalar ýazyldy. Ýöne häkimiýetiň çalyşmagy bilen, Nyýazowyň "beýikligi" hakyndaky söhbetleriň soňuna nokat goýuldy. Ynha, birdenem Nyýazowyň "Beýik Serdardygyny, Türkmenbaşydygyny, Beýik türkmen Pygamberidigini" wagyz eden adamlaryň döwlet gullugyndakylary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Beýik lider", "Arkadagdygyny" öňe sürüp başladylar.

Häzirki prezidente-de "Beýik serdar", "Serdardan serdar" diýip ýazýanlaram bar. Gözel Şagulyýewa üçin prezident "Arkadag ogul". Ýöne häzir döwlet baştutanyny "Arkadag" diýip mahabatlandyrmak ýaranjaňlaryň baş wezipesi boldy. Hatda daşary ýurt metbugatlaram nobatdaky geçjek Ýaşulular maslahatynda prezidente "Arkadag" adynyň beriljekdigini habar berdiler.

Täçgeldi Gutlyýew bolsa şu ýylyň 4-ni maýynda "Türkmen dili" gazetinde "Adam ýüzi mübärek" atly uly göwrümli makalasynda döwlet baştutanynyň "Arkadag" adynyň Ylahdan - Alladan ak kepderiniň getirendigini delillendirmäge çalyşýar. Bu žurnalistiň ýazmagyna hem tassyklamagyna görä, ak kepderi Ylahdan türkmeniň altynjy eýýamynyň başlanan habaryny-da getiripdir. Şeýle hem Gutlyýew prezidentiň türkmeniň altynjy eýýamynyň, indiden beýleki döwrüniň baş kitaby boljak "Türkmennama" ýa "Adamnama" görnüşli "Beýik Kitap" ýazyp ýörendigini hem agzalan makalasynda belleýär.

Elbetde, ýaranjaňlaryňky düşnükli, ýöne olar haçan öz halklaryny masgaralamagyny, Baş Kanunymyzyň kepili bolan döwlet baştutanyna dil ýetirip, prezidente näsag ruhly "titul, lakam" bermeklerini bes etjekkäler?! Eger Türkmenistan kanuny döwlet bolan bolsady, onda ýaranjaňlaryň öz bähbitlerini arap, Türkmenistany diktatura ýurdy hökmünde masgaralaýan "mahabatlandyrma oýunlary" üçin sud seljerilişi geçirilerdi. Sebäbi ol ýaranjaňlar, birinjiden, aýdýan mahabatlandyrmalaryny ýürekden aýtmaýandyklaryny Nyýazowy aşa öwmegiň mysalynda subut etdiler, häkimiýet çalşan badyna ýaranjaňlar hem olaryň ýetişdiren täze nökerleri ikirjiňlenmezden häzirki döwlet baştutanyny mahabatlandyrmaga başladylar. Ikinjiden, halk tarapyndan saýlanýan prezident ýaranjaňlaryň "titulyna-lakamyna" mätäç bolmalam däl. Eger prezidenti halk saýlasa, ol öz saýlan liderine mynasyp baha bermegi başarar.

Halk ýaranjaňlaryň prezidente titul-lakam bermek wagyzlaryna, mahabatlandyrmalaryna, esasan biparhlyk bilen çemeleşse-de, ilatymyzyň sowatly bölegi özara söhbetdeşliklerde ýaranjaňlaryň mahabatlandyrma oýunlaryny ýazgarýarlar, olar hakynda her dürli ýaňsyly kinaýa aýdyşýarlar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG