Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň klan syýasaty


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (çepde) Almatydaky metroda, 2011-nji ýylyň 2-nji awgusty.
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (çepde) Almatydaky metroda, 2011-nji ýylyň 2-nji awgusty.

“Häzirki döwrüň klan toparlanyşyk syýasaty: Gazagystanyň içinde we ýurduň daşynda “garyndaşlygyň” ähmiýeti” diýen kitabyň awtory, Toronto Uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dosenti Edward Şats bilen Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň žurnalisti Galym Bokaş söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Jenap Şats, siz häzir Gazagystandaky klan toparlanyşygyny we şol toparlanyşyklaryň arasyndaky bäsleşigi nähili kesgitläp bilersiňiz?

Edward Şats: Käbir adamlar klan sözüni dar manyda ulanýarlar. Mysal üçin, ABŞ-da köplenç Buşuň ýa-da Kennediniň maşgala klany barada aýdýarlar. Olar bu sözi birneme göçme manyda ulanýarlar. Meniň üçin bu söz garyndaşlyk esasynda dörän adamlaryň belli bir toparlanyşygyny aňladýar. Ýagny, şol klan toparlanyşygynyň özeninde garyndaşlyk baglanyşygy birek-birege berk ynamyň esasy kepili bolmaly. Bu, elbetde, klana uýgurlaryň, koreýleriň ýa-da ruslaryň agza bolmazlygyny aňlatmaýar. Emma şol klan toparlanyşygynyň aglabasy garyndaşlyk aragatnaşygy bilen baglanşykly bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň garşydaşlaryňyzyň Günbatar ýurtlarynda ýurdy dolandyrýan maşgalanyň agzalaryny ýa-da bolmasa, hökümetiň başyndaky belli bir topary klan diýip atlandyryp bolar diýen pikiri öňe sürmekleri mümkin. Mysal üçin, Buşuň döwründe prezident apparatynda işlän adamlar Buşuň ogly prezidentlige saýlanansoň, öz pozisiýalaryny berkitdiler diýmekleri ahtimal. Siziň aýdyşyňyza görä, Günbatar ýurtlaryndaky göçme manyda ulanylýan klan sözi ösýän ýurtlarda yzagalaklygyň alamaty bolan klan toparlanyşygyndan näme bilen tapawutlanýar?

Edward Şats: Hawa, ösen hem ösýän ýurtlarda emele gelýän klanlaryň arasyndaky birmeňzeşligi görüp bolýar. Ýöne şeýle toparlanyşyklar olaryň agzalaryna berilýän artykmaçlyklar, goşmaça ýeňillikler hem wepadarlygyň dürli-dürli görnüşleri bilen tapawutlanýar. Käbir halatlarda olaryň ýerine ýetirýän wezipeleri hem netijeleri birmeňzeş bolup biler. Siz mysal hökmünde Buşuň administrasiýasyny agzadyňyz. Kennediniň klanyny-da şu ýerde mysal hökmünde getirip bolar. Emma garyndaşlyk aragatnaşygy esasynda dörän klan toparlanyşygy, adatça, beýlekilerden berkräk bolýar. Beýleki gatnaşyklara garanda, garyndaşlyk baglanyşygyny bozmak kyn, onuň netijesi hem has agyr bolýar.

Köp adam klan toparlanyşygyny käbir halatlarda yzagalaklygyň alamaty hökmünde häsiýetlendirýär. Bu sowet döwründen galan düşünje. Sebäbi öňki sowet giňişligine giren ýurtlarda garyndaşlyk boýunça bölünmeklik sowet hökümetinden öň bolan usul. Sowetlerden öň bolan zatlaryň köpüsi bolsa kommunistler üçin negatiw äheňde kabul edilýärdi. Meniň üçin bolsa köp jemgyýetde duş gelýän garyndaşlyk gatnaşyklary gowy hem ýaramaz taraplary bolan sosial hem syýasy fakt bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Häzir Gazagystanda dürli etniki topara degişli wepaly ýaranlary bolan ýokary derejeli ýolbaşçylar az däl. Olaryň käbirleri öz korrumpirlenen başlyklaryny goramak üçin sürgün edilmäge kaýyl bolýarlar. Belki, klan gatnaşyklaryna görä, korrupsiýa esaslanan ýönekeý gurluş bilen Gazagystanyň häzirki syýasatyny hasiýetlendirip bolar?

Edward Şats: Dogry aýdýarsyňyz. Käbir halatlarda klan gatnaşyklary aýry-aýry ýagdaýda syýasata düýpden dahylly bolmaýar. Ýagny, rus, koreý, ýewreý ýa-da uýgur başga maksatlara esaslanyp, hereket edip biler, olar beýleki sebäplere görä wepaly bolup biler. Ýöne korrupsiýa köp halatda puly bir elden beýleki ele geçirmek meselesine esaslanmaýar. Korrupsiýa maliýe taýdan öz-özüňi goramagyň çäginden çykýan wepalylyk bilen bagly bolýar. Ýagny, mesele diňe baý bolmak bilen çäklenmeýär. Siz ýokardakylaryň girdeji çeşmesini goramak üçin öz wepalylygyňyzy görkezmäge synanyşmaly.

Şeýle wepalylyk nireden peýda bolýar? Merkezi Aziýada şeýle wepalylyk garyndaşlyk we garyndaşlygyň dürli görnüşlerine esaslanýar. Elbetde, köp halatda diňe biriniň garyndaşy bolmak ýeterlik däl, wezipeli adamyň ynamyna girmek ugrunda hereket etmeli. Garyndaş bolan toparlaryň hem wepasyzlygy sebäpli, syýasy sürgüne iberilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyna özüňiz şaýat bolduňyz. Ýöne hut garyndaş bolmak köp halatlarda ynamyň döremegine sebäp bolýan esasy faktordyr.

Azatlyk Radiosy: Klan toparlanyşygy bilen bagly syýasat Merkezi Aziýa regionyna nähili täsir edýär?

Edward Şats: Bu faktor syýasy durmuşyň bir bölegi: käbir halatda klan toparlanyşygynyň täsiri köp bolýar, kä wagt para meselesi bu faktordan has möhüm bolýar. Klan toparlanyşygyny hem garyndaşlyk baglanyşygyny biri-birinden tapawutlandyrmak aňsat däl.

Garyndaşlyk – pozitiw hem negatiw aspekleri bolan sosial hem syýasy faktor. Onuň nähili rol oýnaýandygyna – oňynmy ýa ýaramazmy – bu ýurduň içindäki syýasy şertlere baglydyr. Men Gazagystan barada ýazan kitabymda ýurduň hökümet organlarynda aç-açanlygyň ýoklugy garyndaşparazlygyň ýaýramagyna oňyn täsir edýär diýen netijä geldim. Eger Gazagystanda aç-açanlyk bolan bolsady, onda garyndaşlyk gatnaşyklary aýdyň bolardy.

Meniň aytjak bolýan zadym, garyndaşlyga esaslanyp döredilen klan toparlanyşygy bolan halatynda ony ýurduň ösüşi üçin ulanyp bolardy. Şeýle resursyň gazaklar üçin bardygyny boýun almaly. Muny yzagalaklyk hasaplap, klan toparlanyşygyndan çekinmeli däl. Şeýle toparlanyşyk, mysal üçin, gazaklar üçin milli däp-dessurlaryň bir bölegidir. Şol sosial faktyň pozitiw tarapyna üns bermäge näme böwet bolýar?
XS
SM
MD
LG