Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Eýrany sanksiýalary bozýanlykda aýyplady


Çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa Eýranyň hökümetini BMG-niň girizen sanksiýalaryny bozýanlykda aýypladylar.

Hususan-da, olar Eýranyň ballistiki raketa tehnologiýasyny ulanmaklygyna hem-de ýarag söwdasyny etmegine garşy girizilen sanksiýalary bozýanlygyny aýdyp, muny tankytladylar.

Sanksiýalaryň bozulmagy bilen baglanyşykly getirilen faktlaryň hatarynda şu ýylyň iýun aýynda Eýranyň “Rasad-1” atly emeli hemrasyny kosmosa çykarmagy-da bir fakt hökmünde getirilipdir.
XS
SM
MD
LG