Sepleriň elýeterliligi

“Gazprom” Gyrgyzystanda gaz zapaslaryny gözlemekçi


Çarşenbe güni “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller öz kompaniýasynyň ýakyn wagtlarda Gyrgyzystanda gaz zapaslaryny anyklamak boýunça iş alyp barjakdygyny mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu barlag işleri üçin “Gazprom” kompaniýasy 100 million dollar töweregi serişde goýberer.

Çarşenbe güni şu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin Alekseý Miller Bişkekde Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG