Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistana ýolagçy uçarynyň partladyljakdygy duýdurylypdyr


Pakistanyň döwlet eýeçiligindäki howa ýollar agentligi çarşenbe güni ýurduň iki sany ýolagçy uçarynyň partladyljakdygy barada duýduryş alnandygyny mälim etdi.

Çarşenbe güni şu berlen duýduryşlaryň yzy bilen, Pakistandan Mançestere uçup barýan ýolagçy uçary gyssagly ýagdaýda Türkiýäniň Stambul şäherinde gondy.

Türkiýäniň “Anadoly” habar agentligi uçardaky 378 ýolagçynyň uçardan düşürilendigini we uçarda geçirilen barlaglaryň netijesinde hiç hili partlaýyjy enjamyň tapylmandygyny habar berdi.

Bu wakanyň yzýany çarşenbe güni Yslamabatdan Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäherine uçup barýan uçaryň partladyljakdygy barada-da duýduryş alnandygy habar berildi.

Maglumata görä, üsti 176 sany ýolagçyly uçar Kuala Lumpur şäherine hiç hili howp-hatarsyz gonupdyr we ol uçardanam hiç hili partladyjy enjam tapylmandyr.
XS
SM
MD
LG