Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejad Assady güýç ulanmazlyga çagyrdy


Çarşenbe güni Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady protestçilere garşy güýç ulanmazlyga hem-de gepleşiklere başlamaklyga çagyrdy.

Eýranyň prezidenti özüniň bu garaýşyny çarşenbe güni Portugaliýanyň telewizion agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Özünin bu çykyşynda prezident Ahmedinejad Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Ysraýyly Siriýadaky protestlere has-da meçew bermekde aýyplady.
XS
SM
MD
LG