Sepleriň elýeterliligi

Jon Galýano anti-semitizmde günäli tapyldy


Parižiň sudy “Christian Dior” brendiniň ozalky dizaýneri Jon Galýanony anti-semitik şygarlary aýtmakda günäli tapdy.

Britan dizaýneri Galýonynyň özüniň gatnaşmadyk sud diňlenişiginde oňa 6 müň ýewro möçberinde jerime salyndy.

Derňewiň bellemegine görä, dizaýner Parižiň restoranlarynyň birinde ýewreýlere garşy çykyş edipdir. Galýanonyň özüniň aýtmagyna görä, ol içgili eken, bolup geçen zatlar ýadyna düşenok.

Bu dawa sebäpli, Jon Galýano “Christian Dior” brendiniň moda öýüniň baş dizaýneri wezipesinden boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG