Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Orsýetiň awiasiýa howpsuzlygyny tankytlady


Prezident Dmitriý Medwedew Orsýetiň awiasiýa howpsuzlygy boýunça ýüze çykan erbet netijeleri tankytlap, 43 adamyň, şol sanda belli hokkeý toparynyň agzalarynyň ölümine getiren ÝAK-42 uçarynyň ýere gaçmagynyň sebäpleriniň derňelmegini talap etdi.

Penşenbe güni Medwedew uçaryň gaçan ýeri bolan Ýaroslawl şäheriniň golaýyna baryp gördi. “Ölenleriň we jebir çekenleriň maşgalalaryna ähli zerur kömek berilmelidir” diýip, Medwedew belledi.

Uçaryň içinde Orsýetiň üç gezek çempiony bolan “Lokomotiw” hokkeý toparynyň agzalary-da bardy.

Uçar heläkçiliginde diri galan iki adamyň ýagdaýy juda agyr.
XS
SM
MD
LG