Sepleriň elýeterliligi

Mubaregiň sud prosesi gaýtadan öz işine başlady


Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň işi boýunça sud prosesi gaýtadan öz işine başlady.

Mubarek korrupsiýada we parahat demonstrasiýaçylaryň öldürilmegi bilen baglanyşykly çärelerde aýyplanýar.

Mubarek özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

Penşenbe güni geçirilen sud diňlenişigine Mubaregiň ozalky goranmak ministri, häzir bolsa Müsüri dolandyrýan harby geňeşiň başynda duran marşal Mohamad Tantawi hem görkezme bermek üçin çagyryldy.

Sorag edilenleriň arasynda Mubaregiň režiminde wise-prezident we aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy bolup işlän öňki resmiler hem bar.

Mundan ozalky dört sud diňlenişiginde olşy ýaly, 83 ýaşly Mubarek suduň zalyna näsaglaryň arabasynda getirildi.
XS
SM
MD
LG