Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: terrorizmde aýyplanýanlar sorag edildi


Gazagystanyň Atyrau welaýat sudunyň metbugat sekretary Boranbaý Galiýewiň aýtmagyna görä, terrorizmde aýyplanyp tussag edilen 22 adamyň käbiri penşenbe güni sorag edilipdir. Olaryň Owganystandan we Pakistandan maliýe kömegini alandyklary anyklandy diýlip, habar berilýär.

Galiýewiň beren maglumatyna laýyklykda, aýyplanýanlaryň biri internetiň üsti bilen Owganystan we Pakistan bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr.

Gazagystanyň günbatarynda ýerleşýän Atyrauda maý aýyndan bäri ençeme terrroristik hüjümler, şol sanda ýurtdaky ilkinji janyndan geçeniň hüjümi bolupdy, şeýle-de howpsuzlyk operasiýalary geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG