Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: adam gaçakçylygyna garşy göreş maslahat edildi


Penşenbe güni Aşgbatda kanunçylyk ugrundan halkara hyzmatdaşlyklaryny berkitmek meselesine bagyşlanylan ýörite seminar öz işine başlady.

Bu halkara seminary Türkmenistanyň hökümeti bilen birlikde, Halkara migrasiýa gullugynyň hem-de Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy.

Esasan adam gaçakçylygyna garşy göreş meselesini öz içine aljak bu iki günlük foruma Birleşen Ştatlardan, Fransiýadan, Britaniýadan Norwegiýadan, Şwesiýadan, Ysraýyldan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, şeýle hem käbir halkara guramalaryndan ekspertler we resmiler gatnaşýarlar.

Aşgabatdaky bu forumda spesialistler adam gaçakçylygyna garşy göreş meselesinde ulanylýan metodlaryň effektiwligini artdyrmak meseleleri boýunça pikir alşarlar.
XS
SM
MD
LG